Iň täze habarlar

Italiýada “Armani” moda öýüniň esaslandyryjysy Jorjo Armani aradan çykdy

06.09.2025 | 08:19 |
 Italiýada “Armani” moda öýüniň esaslandyryjysy Jorjo Armani aradan çykdy

Italiýada meşhur modelýer we telekeçi, “Armani” moda öýüniň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Jorjo Armani aradan çykdy. Onuň aradan çykandygy barada Armani Group kompaniýasy habar berdi.

«Çäksiz gynanç bilen Armani Group öz döredijisiniň, esaslandyryjysynyň we tükeniksiz öňe sürüji güýjüniň — Jorjo Armaniniň — aradan çykandygyny yglan edýär» - diýlip, kompaniýanyň beýanatynda aýdylýar.

1

Beýanatda şeýle hem bellenilýär: «Bu gün biz bu maşgalany öňdengörüjilik bilen, höwes we yhlas bilen esaslandyran we ösdürip ýetişdiren adamyň ýoklugyny duýýarys. Emma hut onuň ruhunda biz, işgärler we maşgala agzalary, onuň döreden zatlaryny goramaga we onuň hatyrasyna kompaniýany ösdürmäge borçlanýarys».

Armani ömrüniň ahyryna çenli baş direktor hem-de döredijilik direktor wezipesini eýeläpdi. Öňki hepde italiýan metbugatyna beren soňky interwýusynda ol şeýle diýipdi: «Meniň iň uly gowşaklygym — ähli zady gözegçilik edýänligim».

ORIENT

Foto: Caitlin Ochs/Reuters

Şeýle hem okaň: