Gazagystanda täze pullar dolanyşyga giriziler
06.09.2025 | 10:28 |Gazagystanyň Milli banky 500 tenge we 20 000 tenge möçberindäki täze dizaýnli pullaryny dolanyşyga girizer.
Hususan-da, 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde täze görnüşli 500 tenge pullary çykarylar, 2026-njy ýylda bolsa 20 000 tenge pullary dolanyşyga giriziler.
Täze pullaryň dizaýni "Saks stiliniň" elementleriniň esasynda ýerine ýetirildi. Milli gazak nagyşy hut şu stilden öz gözbaşyny alyp gaýdýar hem-de ýurduň özboluşly çarwa medeniýetinden häzirki zaman Gazagystana çenli mirasyny açyp görkezýär.
ORIENT