Iň täze habarlar

Microsoft Windows 11-e Android goşundylaryny gaýtadan getirýär

31.08.2025 | 15:15 |
 Microsoft Windows 11-e Android goşundylaryny gaýtadan getirýär

Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň mart aýynda Windows Subsystem for Android (WSA) taslamasynyň ýapylmagyna garamazdan, Android goşundylaryny Windows 11 ulgamyna integrirlemek pikirinden el çekmedi. The Verge-iň maglumatyna görä, Microsoft täze bir mümkinçiligi synagdan geçirýär. Bu aýratynlyk ulanyjylara smartfonlarynda başlanan Android goşundylary bilen işlerini kompýuterde dowam etdirmäge mümkinçilik berer.

Ol nähili işleýär?

Täze mümkinçilik Apple kompaniýasynyň Handoff tehnologiýasyny ýatladýar. Häzirki wagtda ol diňe Windows Insider maksatnamasyna gatnaşyjylara elýeterli we diňe Spotify goşundysyny goldaýar. Ony ulanmak üçin Android smartfonyňyzy kompýutere simsiz ulgam arkaly birikdirmeli. Telefonyňyzda aýdym-saz goýbereniňizde kompýuterde “Bu kompýuterde dowam et” diýen bildiriş peýda bolýar. Şol düwmäni basanyňyzdan soňra, Spotify awtomatiki ýagdaýda kompýuterde açylýar. Eger goşundy öňünden gurnalan bolmasa, ulgam ony ýüklemäge teklip eder.

Bu tehnologiýa ilkinji gezek Microsoft Build 2025 maslahatynda görkezildi. Häzirlikçe onuň ähli ulanyjylara haçan elýeterli boljakdygy belli däl.

ORIENT

Foto: Unsplash

Şeýle hem okaň: