Türkmenistanly ýaş küştçi Malatýada geçirilen Halkara ýaryşynda ýeňiş gazandy
01.09.2025 | 23:28 |Türkiýäniň Malatýa şäherinde 25–30-njy awgust aralygynda «Malatýanyň altyn erigi» atly Halkara küşt ýaryşy geçirildi. Bu ýaryşa sekiz ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan hem jemi 486 küştçi gatnaşdy. Ýaryş dürli ýaşdaky we reýtingdäki oýunçylaryň ussatlygyny görkezmek üçin möhüm meýdança boldy.
«B» kategoriýasynda 122 küştçi güýjüni synanyşdy. Ýaryş halkara düzgünleri boýunça geçirildi: şweýsar ulgamynyň 9 tapgyry, her partiýa 90 minut wagt, ilkinji ädimden başlap her bir ädim üçin goşmaça 30 sekunt berildi. Bu kategoriýada iň üstünlikli çykyş eden 12 ýaşly türkmen küştçisi Osman Hamrakulyýew boldy. Ol 9 utukdan 7,5 utugy toplap, tutanýerliligi we ynamly oýny bilen tapawutlandy.
Osman halkara grossmeýster Maksat Atabaýewiň ýolbaşçylygynda tälim alýar we 4 ýaşyndan bäri ýaryşlara gatnaşyp gelýär. Häzirki wagtda ol A.S.Puşkin adyndaky Türkmen-rus mekdebiniň 7-nji synpynda okaýar hem-de paýtagtymyz Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde sport taýýarlygyny üstünlikli dowam etdirýär.
Malatýadaky çykyş Osman üçin ýakynda gazanan üstünlikleriniň biri boldy. 18–24-nji awgust aralygynda ol Kappadokiýada geçirilen Halkara ýaryşynda oglanlaryň arasynda 12 ýaşa çenli toparynda ikinji orny eýeledi. Mundan öň ol 15–19-njy iýun aralygynda Aşgabatda geçirilen halkara ýaryşynda üçünji orny hem eýeläpdi.
Onuň üstünlikleri täze nesil küştçilere ylham berýär we yzygiderli işiň, zähmetiň hem-de oýna bolan söýginiň beýik netijelere eltýändigini aýdyň görkezýär.
ORIENT