Iň täze habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ilham Aliýew telefon arkaly söhbetdeş boldular

10.08.2025 | 21:45 |
 Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ilham Aliýew telefon arkaly söhbetdeş boldular

10-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda taraplar, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Ilham Aliýew Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Azerbaýjana amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlady. Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Ilham Aliýewiň ABŞ-a amala aşyran saparynyň dowamynda gazanylan netijeleriň we gol çekilen resminamalaryň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Hususan-da, gürrüň Azerbaýjanyň Prezidenti bilen Ermenistanyň Premýer-ministri tarapyndan ABŞ-nyň Prezidentiniň gatnaşmagynda gol çekilen Jarnama hem-de Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda parahatçylygyň we döwletara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy baradaky Ylalaşygyň parafirleme hakda boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Baştutanyny we azerbaýjan halkyny bu taryhy ylalaşyklaryň gazanylmagy bilen gutlady. Öz gezeginde Prezident Ilham Aliýew ýakynda Awazada guralan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen Halk Maslahatynyň Başlygyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentini tüýs ýürekden gutlady we Azerbaýjanyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, bu forumyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ädim bolandygyny aýtdy hem-de Azerbaýjanyň wekiliýetiniň maslahata ýokary derejede gatnaşandygyny belledi.

Söhbetdeşler Awazada Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Azerbaýjanyň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň ähmiýeti bellediler. Olar üç ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ugurlaryň giň toplumy boýunça giňeltmek, hususan-da, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça uly mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar.

Şeýle hem “Awaza” kongresler merkezinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu duşuşykda şu ýylyň güýzünde Daşkentde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen bagly meselelere seredildi we Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan hyzmatdaşlygyň şu formatyna Azerbaýjanyň goşulyşmagy bilen bagly başlangyç öňe sürüldi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirip pikir alyşdylar. Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewi özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Telefon arkaly söhbetdeşlik azerbaýjan tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: