Iň täze habarlar

Awaza maksatnamasy ählumumy Günorta ýurtlary üçin "ýagty geljege umyt berýär hem-de ösüş ugruny kesgitleýär"

06.08.2025 | 23:40 |
 Awaza maksatnamasy ählumumy Günorta ýurtlary üçin "ýagty geljege umyt berýär hem-de ösüş ugruny kesgitleýär"

6-njy awgustda "Awaza" Milli syýahatcylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boÿunça Üçünji maslahatynyň çäklerinde Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy geçirildi. Gutlag sözi bilen gatnaşyjylara BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima ýüzlendi. Ol duşuşygyň guralmagy üçin minnetdarlyk bildirip, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar (LLDC) üçin Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň hem-de üçtaraplaýyn özara gatnaşyklarynyň wajyplygyna ýokary baha berdi.

avazinskaya-programma-deystviy-yug-yug (1).jfif

“Bu duşuşyk umumy tagallalarymyzy öňe sürmekde we Günorta-Günorta hem-de deňze çyklagasy bolmadyk ösüp barýan 32 ýurtlary goldamak üçin üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryny pugtalandyrmak mümkinçiliklerini öwrenmekde döwrebap meýdança bolup durýar. Hut şeýle hyzmatdaşlygyň netijesinde, biz Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň uly meýilli maksatlaryny anyk, ýerlerde özgerdiş netijelerine öwürip bileris” – diýip, Rabab Fatima belledi.

avazinskaya-programma-deystviy-yug-yug (2).jfif

Şeýle hem, ol Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ösüşi üpjün edip biljek täsirleri ýetirip biler:

• Infrastruktura pudagyna maýa goýumlary çekmek, serhetüsti işleriniň optimizasiýasy we sanly çözgütleriň garmonizasiýasy arkaly durnukly we bäsdeşlige ukyply ykdysady geçelgeleriniň döredilmegi;

• Infrastrukturanyň, energetikanyň we sanly aragatnaşygyň giňeldilmegi. Işe girizilen LLDC ýurtlarynyň Ählumumy işewürlik tory “öz wagtyndaky strategiki ädim” diýlip atlandyryldy.

“Hereketleriň Awaza maksatnamasy bu diňe bir ýol kartasy däl, bu hyzmatdaşlyga, hereketlere we raýdaşlyga çagyryşdyr” – diýip, Rabab Fatima öz çykyşyny tamamlady.

avazinskaya-programma-deystviy-yug-yug (1).jpg

Ýörite myhman hökmünde Nepalyň premýer-ministri Şarma Oli çykyş etdi. Ol Hereketleriň Awaza maksatnamasy (HAM) “gurluşlaýyn özgertmelere esaslanýan öňden görüjilikli we amaly ýol kartasy” bolup, ol “ýagty geljege umyt berýändigini hem-de ösüş ugruny kesgitleýändigini" belledi.

“Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy raýdaşlyk, özara hormat goýmak we umumy jogapkärçilik ýörelgelerine esaslanyp, özara bilim almaga, mümkinçilikleri ösdürmäge we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň özboluşly zerurlyklaryny we isleglerini hasaba almak bilen, tehnologiýalarynyň geçirilmegine ýardam berýär” – diýip, premýer-ministr belledi.

avazinskaya-programma-deystviy-yug-yug (7).jfif

Ol HAM-ny üstünlikli durmuşa geçirmeginiň esasy dört strategiki ugurlaryny aýratyn belledi:

Durnukly fiziki we sanly infrastruktura ulgamyna maýa goýumlary çekmek arkaly sebitleýin integrasiýasy;

Söwda we üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegi, infrastrukturanyň döwrebaplaşdyrylmagy we gümrük düzgünleriniň garmonizasiýasy;

Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin Infrastruktura maýa goýum gaznasynyň döredilmegi;

Ählumumy sanly ykdysadyýete doly gatnaşmak üçin sanly transformasiýanyň çaltlandyrylmagy.

avazinskaya-programma-deystviy-yug-yug (3).jfif

Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar söwda düzgünleriniň ýeňilleşdirilmegine we sebitleýin integrasiýasynyň çuňlaşdyrylmagyna aýratyn üns berdiler. Gümrük we üstaşyr düzgünleriniň optimizasiýasy we serhetleriň netijeli dolandyrylmagy LLDC ýurtlaryna öz eksportynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigi bellenildi. Munuň üçin ähli derejelerde, şol sanda öňdebaryjy tejribe alyşmak ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek zerurdyr.

Mundan başga-da, HAM-nyň çäklerinde häzirki zaman tehnologiýalaryna we nou-haulara elýeterliligi üpjün etmäge ünsüniň jemlenilmegi meýilleşdirilýär. Munuň özi gurluşlaýyn özgertmeleriň geçirilmegi we ykdysady durnuklylygyň pugtalandyrylmagy zerur şert bolup durýar. Şeýlelikde, Hereketleriň Awaza maksatnamasy diňe bir jarnama bolman, eýsem hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we Ählumumy Günortanyň durnukly ösüşini döretmek üçin anyk meýilnama bolup durýar.

avazinskaya-programma-deystviy-yug-yug (2).jpg

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: