Türkmenistan sebitdäki ulag düzgünleşdirmesi ulgamynda iň ýokary baha aldy
09.08.2025 | 12:42 |Soňky serhetara söwda we ulag baglanyşyklylygy indeksiniň (CBTTFI) seljermesine görä, Türkmenistanyň geçelgeleri «ulag düzgünleşdirmesi» kategoriýasynda iň ýokary — 100 göterim — baha aldy. Bu barada Aziýanyň Ösüş Bankynyň (AÖB) täze hasabatyna salgylanyp, Trend habar berýär. Bellenilişine görä, bu barlag Azerbaýjan, Gruziýa, Özbegistan, Pakistan we Türkmenistan ýaly sebit ýurtlarynyň alty serhet geçiş nokadyny öz içine aldy.
Türkmenistanyň şeýle ýokary netijesi ulag akymlaryny düzgünleşdirmekde ýokary derejeli guramaçylygynyň we netijeliliginiň bardygyny görkezýär. Bu bolsa halkara ýük daşamalarynyň durnuklylygyny we aýdyňlygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär.
Resminamada sebitiň beýleki geçiş nokatlarynyň güýçli taraplary hem görkezilýär. Mysal üçin, Azerbaýjanyň «Gyrmyzy kerpýu» geçelgesi umumy netijelilik derejesinde ýokary görkeziji — 71 göterim gazandy, Özbegistanyň «Ýallama» geçelgesi bolsa jemleýji baha boýunça öňdebaryjy boldy — 77 göterim. Pakistanyň «Torham» geçelgesi «gümrük utgaşdyrylyşy» (88 göterim) we «üstaşyr geçirmelerine goldaw» (82 göterim) kategoriýalarynda öňe saýlandy.
AÖB-nyň maglumatlaryna görä, seljermäniň netijeleri ulag-logistika hyzmatdaşlygynyň has-da berkemegine we sebitleýin söwda ugurlarynyň ösdürilmegine ýardam edip biler. Bu ugurlarda bolsa Türkmenistan strategik ähmiýete eýedir.