BMG-niň Baş sekretary Tükmenistanyň sahylygy barada belläp, LLDCs ýurtlaryna mertebe meselesini galdyrdy
05.08.2025 | 19:10 |Awaza, 5-nji awgust | ORIENT. Awazada geçirilen metbugat maslahatynda çykyş etmek bilen, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Gutteriş Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkyna mähirli kabul edişlik üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Maslahatyň geçirilmeginiň ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyna bolan ygrarlylygynyň subutnamasydygyny belledi.
“Türkmenistanda bolmaga hemişe şat” – diýip, Baş sekretar žurnalistler bilen duşuşygyň başynda aýdyp, ýurdumyza eýýäm iki onýyllygyň dowamynda gelýändigini belledi.
Gutteriş Türkmenistanyň “dünýä geriminde ajaýyp” üstünligi barada aýratyn belläp geçdi. Bu bolsa raýatsyzlyk meselesiniň çözülmegi bilen baglanyşyklydyr. Ol bu işi “nusgalyk” diýip atlandyryp, “hiç haçan ýatdan çykarmajak” gaýyrmazlygyň beýanydygyny aýtdy. “Bosgunlar işleri boýunça Ýokary komissar wezipesini ýerine ýetiren mahalym bu ýere gelemde, men Türkmenistanyň häzirki zaman dünýäsiniň iň kyn meseleleriň biri bolan raýatsyzlyk meselesini çözendigine haýran galdym” – diýip, Gutteriş belledi.
Şeýle hem, ol bu Maslahatyň Merkezi Aziýada emele gelýän “özara ynanyşmaga, umumy ileri tutulýan ugurlara we ösýän sebitleýin raýdaşlyga esaslanýan” täze hyzmatdaşlyk eýýamyny açyp görkezýändigini nygtady.
Hoşniýetlilige däl-de, adalatlylyga çagyryş
Baş sekretar deňze çykalgasy bolmadyk 32 ýurduň ilaty 600 mln adama golaý bolup, olar diňe bir gury ýerde “baglanan” däl, eýsem global maliýe serişdelerine we tehnologiýalaryna çykalgasyz galandygyny belledi. Olar ýokary ulag päsgelçilikleri, bazarlara çäkli çykalga we ösýän bergidarlyk agramy bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny aýtdy.
Gutteriş bu ýurtlaryň ýagşylyk sorman, eýsem adalatlylygy, deň elýeterliligi we maýa goýumlary talap edýändiklerini nygtady. Hereketleriň Awaza maksatnamasy – bu indiki onýyllyk üçin meýilnamadyr. Ol bu ýurtlara durnukly ykdysadyýeti we inklýuziw jemgyýeti gurmaga ýardam berer.
Baş sekretar tiz hereketler üçin ileri tutulýan dört ugry kesgitledi: ykdysady mümkinçiligiň, şol sanda bilim, sanly başarnyklar we emeli aň tehnologiýalaryna bolan mümkinçiligiň açylmagy, söwda geçelgeleriniň döredilmegi arkaly dünýä birikmek, howa çökgünligine garşy göreş we global maliýe ulgamynyň özgerdilmegi.
Euronews wekiliniň dünýä jemgyýetçiligine deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar bilen özara gatnaşyklar barada haýsy bir ýüzlenme bilen çykyş etmek islärdiňiz diýen soragyna jogap bermek bilen, Baş sekretar bu ýurtlaryň meselelerini çözüp bolýandygy aýtdy. Ol LLDC ösen we ösüp barýan ýurtlarynyň arasynda serhet çyzyp, olaryň birinjisiniň portlara erkin çyklagasynyň we erkin haryt hereketleriniň bardygyny belledi.
Onuň esasy ýüzlenmesi: dünýä bileleşigi ösüp barýan LLDC ýurtlary üçin şertleri döredip, maliýe arhitekrurasyny özgertmeli, bergileri ýeňilleşdirmeli we halkara maliýe guramalarynyň mümkinçiliklerini artdyrmaly. Ol päsgelçilikleriň aradan aýrylmagyndan soňra, söwda gatnaşyklarynyň artan Portugaliýa we Ispaniýany mysal getirdi.
Brifingiň dowamynda Gutteriş Maslahatda kabul ediljek kararlary durmuşa geçirmek üçin erkin üstaşyr daşamalar boýunça Ýokary topary döretmek meýilleri barada habar berdi.
“Hiç bir ýurduň deňze çykalgasy bolmanlygy üçin gyrada galmaz ýaly biz bu işde ähli agza-döwletleriň goldawyna ynam bildirýäris – diýip, Baş sekretar belledi. – Bu diňe bir ösüş meselesi däldir, bu mertebe we adalatlylyk meselesidir”.