Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Maslahatynda ählumumy başlangyçlary bilen çykyş etdi

05.08.2025 | 23:00 |
 Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Maslahatynda ählumumy başlangyçlary bilen çykyş etdi

Şu gün “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatynyň (LLDC) açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmegindäki bu forum 100-den gowrak ýurtlaryň döwlet baştutanlaryny, ýokary wezipeli adamlaryny we 50 sany halkara guramalarynyň wekillerini ýygnady. Bu bolsa onuň global ähmiýetini tassyklaýar.

Gatnaşyjylara ýüzlenip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Maslahatyň Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge we Geljegiň bähbidine paktyň strategik ýörelgelerine eýermäge dahyllydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe we ähli wekillere ynsanperwer, ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlaryny birleşdirýän işe berk eýerýändikleri üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

05082025-prezident-turkmenistana-initsiativy-oon-lldc-avaza (2).jpg

Adam iň ýokary gymmatlyk hökmünde lukmançylyk diplomatiýasynyň merkezinde

Türkmen syýasatynyň özeninde “Döwlet – adam üçindir!” diýen ýörelge ýatyr. Bu şygar ýurdumyzyň hem içeri, hem daşary syýasatyny kesgitleýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň şahsyýetiň mümkinçiliklerini açmaga, adamlaryň durmuşynyň ýokary standartlaryny hem-de ýaşaýşynyň hilini üpjün etmäge üns berýändigini belledi. Ýurdumyzyň býujetiniň esasy bölegi durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmaga, hususan-da, ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş we bilim desgalarynyň gurluşygyna we raýatlaryň hukuklarynyň goralmagyna gönükdirilýär.

Bu babatda Türkmenistanyyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow esasy başlangyçlaryň biri bolan «Geljegiň ählumumy lukmançylygy — raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk» başlangyjyny öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyz bolup geçen dünýä pandemiýasy, Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ýüze çykýan häzirki meseleler saglygy goraýyş ulgamynda raýdaşlyk we özara goldaw düşünjesiniň wajypgydygyny belledi. Deňze çykalgasynyň ýoklugy derman serişdeleriniň getirilmegi üçin düýpli päsgelçilik bolup durýar. Şonuň üçin Türkmeinstan öz tejribesini paýlaşmaga we Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda halkara lukmançylyk diplomatiýasynyň ulgamlaýyn usullaryny ýola goýmaga taýýar.

prezident-turkmenistana-initsiativy-oon-lldc-avaza (1).jpg

Ulag, ekologiýa we täze energetika

Türkmenistanyň Prezideniniň çykyşy ýurdumyzyň global meseleleri innowasiýalar we hyzmatdaşlyk arkaly çözmäge bolan islegini açyp görkezdi. Döwlet Baştutanymyz gatnaşyjylara LLDC ýurtlarynyň dünýä ulgamyna goşulyşmagyny çaltlandyrjak aşakdaky başlangyçlary teklip etdi:

Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasy: geçen ýyl Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde öňe sürlen bu başlangyç ulag hyzmatdaşlygyna täze itergi bermäge gönükdirilen. Ol Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň alty sany Kararnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine esaslanyp, LLDC ýurtlarynyň global ulag akymlaryna goşulmagyny maksat edinýär.

2030-2040-njy ýyllar aralygyndaky döwür üçin wodorod energetikasyna geçmegiň ählumumy maksatnamasy: “ýaşyl energetikanyň” hökmany, düýpli ölçegi bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidenti wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça anyk bilelikdäki meýilnamalary we algoritmleri döretmegi teklip edip, geljek ýyldan başlap, Birleşen Milletler Guramasynda şu maksatnamany işläp taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşmaga girişmäge çagyrdy.

Ýapyk aýlawly (sirkulýar) ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasy: bu başlangyç önümçilik pudagynyň “tebigatyň sazlaşdyryjysy we daýanjy” bolar ýaly ähli ykdysady işi ekologiýa standartlary bilen utgaşdyrmaga gönükdirilendir.

prezident-turkmenistana-initsiativy-oon-lldc-avaza (7).jpg

Döwlet Baştutanymyz “Hazar ekologik başlangyjyna” ünsi çekdi hem-de Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugruna öwürmegi teklip edip, bu meseleleriň sebit çäklerden çykyp, gönüden-göni ýurtlaryň ykdysadyýetine we abadançylygyna täsir edýändigi barada nygtady. Prezident Serdar Berdimuhamedow umumy dünýä işleriniň örän möhüm bölegi hökmünde suw meselesi boýunça hyzmatdaşlyk etmäge ünsi çekdi. Türkmenistan hemişe suwa deň we adalatly elýeterlilik halklaryň hem-de her bir adamyň tebigy we düýpli hukugydyr diýip, berk we üýtgewsiz çykyş edýär.

prezident-turkmenistana-initsiativy-oon-lldc-avaza (4).jpg

Bitaraplyk ösüş we ynanyşmak filosofiýasy hökmünde

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň teklibi bilen, 2025-nji ýyyňl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip atlandyrylandygyny ýatlatdy. Döwlet Baştutanymyz parahatçylyk, ynanyşmak we bitaraplyk düşünjeleri özara aýrylmaz bagly bolup, olaryň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň filosfiýasyny we onuň BMG bilen strategiki hyzmatdaşlygyny kesgitleýändigini belledi.

Çykyşynyň ahyrynda, Türkmenistanyň Prezidenti döredijilik we deňhukuklylyk ruhunda geçirilýän bilelikdäki işiň öňde goýlan tutuş adamzat üçin ösüş, ilerlemek we abadançylyk maksatlaryna ýetmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

prezident-turkmenistana-initsiativy-oon-lldc-avaza (3).jpg

ORIENT

Foto: president.uz

Şeýle hem okaň: