BMG Awazada ilkinji gezek LLDC barada maglumat gününi belleýär
07.08.2025 | 00:32 |6-njy awgustda Awazada BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen esaslandyrylan täze Halkara gününiň bellenilmegine bagyşlanan brifing geçirildi. Her ýyl 6-njy awgustda «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara güni» belleniler.
Bu taryhy günüň ilkinji gezek ählumumy meseleleri çözmek üçin köpgugurly meýdança öwrülen BMG-niň Üçünji maslahatynyň barşynda hut Türkmenistanyň özünde bellenilmegi möhümdir.
Brifingde çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Ýokary wekili Rabab Fatima we Boliwiýanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Diýego Paçeko täze gününiň esasy maksady LLDC ýurtlarynyň öňünde duran kynçylyklar barada dünýä bileleşiginiň habarlylygynyň ýokarlandyrylmagyndan ybaratdyr. Olaryň arasynda ýokary harytlary geçiriş çykdajylary, logistika päsgelçilikleri we howa töwekgelçilikleri bar.
Bu günüň hyzmatdaşlygy ösdürmekde we täze netijeli çözgütleri gözlemekde güýçli itergi boljakdygyna ynam bildirildi. Halkara gününiň esaslandyrylmagy bu diňe bir meseläniň wajyplygyny kabul etmek däldir, eýsem ol bu döwletleriň durnukly ösüşiniň bähbidine anyk hereketler üçin başlangyç nokatdyr.
ORIENT