Iň täze habarlar

Türkmenistanly talyplar Indoneziýada geçirilen halkara bäsleşikde birinji orny eýelediler

11.08.2025 | 14:35 |
 Türkmenistanly talyplar Indoneziýada geçirilen halkara bäsleşikde birinji orny eýelediler

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplar topary Indoneziýada Bütindünýä robototehnika we informatika olimpiadasynyň çäginde geçirilen halkara taslama bäsleşiginde ýeňiji boldylar.

Ýaş alymlar birleşigi (IYSA) tarapyndan guralan bu bäsleşige dünýäniň 12 ýurdyndan 30-dan gowrak topar gatnaşdy. Talyplar B.Toýlyýew, B.Rejepow we Ýu.Batyrow “Kompýuter tehnologiýalary” ugry boýunça “Emeli aňyň ulanylmagy bilen awtoulaglaryň kärendä berilmegi” atly taslamalary bilen birinji orny eýelediler.

Taslama bäsleşigi ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryny berkitmäge itergi berdi hem-de “Daşky gurşawy goramak, “Robototehnika”, “Oýunlar”, “Fizika we inženeriýa” ýaly ugurlary öz içine aldy. Bäsleşige Eýranyň, Malaýziýanyň, Türkiýäniň, ABŞ-nyň, Günorta Koreýanyň, Rumyniýanyň, Meksikanyň toparlary hem gatnaşdy.

Bu halkara bäsleşikdäki ýokary netije türkmen ýaşlarynyň bilim derejesini, ylma we täze tehnologiýalara bolan ygrarlylygyny açyp görkezýär. Şeýle üstünlikler halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşup, ýurdumyzyň bilim ulgamyna öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga ýardam edýär.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: