Ykdysadyýet, howa, tehnologiýalar: Awaza – ösüp barýan ýurtlar üçin çözgütleri gözlemegiň merkezi
07.08.2025 | 04:25 |Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatynyň nobatdaky güni we ýokary derejeli ugurdaş çäreleri geçirildi. Meýdança köptaraplaýyn dialog üçin merkeze öwrüldi. Onda hususy pudak, häkimiýet edaralary we halkara bilermenleri möhüm wezipeleri we meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Esasy maksat bolsa Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň (HAM) durmuşa geçirilmegi üçin anyk ýollary tapmak.
Hususy pudak – özgerişleriň hereketlendirijisi
UNIDO, BMG-niň Ählumumy ylalaşygy we Halkara elektrik aragatnaşygynyň birleşigi bilen bilelikde guralan hususy pudagyň forumy LLDC ýurtlaryna dünýä ykdysadyýetine goşulyşmakda çözgütleri işlemek üçin meýdança öwrüldi. Wekilleriň ünsi jemlenen esasy temalar:
Durnukly ösüş we maýa goýumlar. Hususy pudagyň gurluşlaýyn özgertmelerdäki we ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyndaky möhüm orny barada nygtaldy. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine çekilýän maýa goýumlar we innowasion tehnologiýalar diňe bir ykdysady ösüşiň däl-de, eýsem ekologiýa durnuklylygynyň hereketlendirijisi hökmünde atlandyryldy. LLDC ýurtlary üçin oňaýly maýa goýum gurşawy we telekeçileriň maliýe serişdelerine bolan elýeterliligiň giňeldilmegi zerurdyr.
Sanly transformasiýa. Sanly ösüş bölümçesinde tehnologiýalar arkaly geografiýa çäklendirmeleri ýeňip geçmek ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara geçelgelerde sanly infrastrukturanyň, elektron resminamalar dolanyşygynyň we söwda platformalarynyň ösüşi söwda päsgelçilikleri azaltmaga, eksportyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we maýa goýumlary çekmäge mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň tejribesi. Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýany Hazar, Gara we Baltik deňizleriniň, Ýakyn Gündogaryň we Günorta-Gündogar Aziýanyň sebitleri bilen birleşdirýän halkara üstaşyr geçelgeleriniň köpugurly torunyň döredilmegindäki gazanan üstünlikleri barada bellenildi.
Söwda, logistika we sebitleýin integrasiýasy
Ýokary derejede geçirilen “tegelek stol” gepleşiginde söwda aragatnaşyklarynyň giňeldilmegi we düzgünleriň aňsatlaşdyrylmagy üçin mümkinçiliklere garaldy.
Bitewi strategiýalar. Gatnaşyjylar sebitleýin integrasiýasynyň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň garmonizasiýasynyň üstaşyr päsgelçiliklerini ýeňmegiň esasy gurallary bolup durýandygy baradaky bir pikire geldiler. Halkara söwda düzgünleriniň LLDC ýurtlarynyň aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulyp uýgunlaşdyrylmagynyň we BSG bilen hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynyň zerurlygy barada maslahatlaşyldy.
Üstaşyr ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk. LLDC ýurtlarynda söwdanyň ösüşi üstaşyr hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryna gönüden-göni bagly bolup durýandygy bellenildi. Infrastrukturany ösdürmek we üstaşyr düzgünlerini ýeňilleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalar daşamalary ep-esli derejede çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Howa we ekologiýa durnuklylygy
Aýratyn geçirilen “tegelek stoly” howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we tebigy betbagtçylyklara bolan goragsyzlygy peseletmek meselelerine bagyşlandy.
Täze kynçylyklar. Gatnaşyjylar buzlyklaryň eremegi, olaryň suw serişdelerine we oba hojalygyna ýetirýän täsiri ýaly ählumumy meseleleri barada maslahatlaşdylar. Serişdeleri tygşytlaýan tehnologiýalaryň we ekerançylyk usullarynyň ulanylmagynyň derwaýyslygy nygtaldy.
Howa maliýeleşdirmesi. LLDC ýurtlarynyň howa maliýeleşdirmesine we innowasion tehnologiýalara bolan elýeterliligi gowulandyrmak meselesine aýratyn ähmiýet berildi. BMG-niň Baş sekretarynyň “Hemmeler üçin irki duýduryş” ulgamy başlangyjyň döwrebaplygy bellenildi.
HAM-nyň integrasiýasy. Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ählumumy howa ylalaşyklarynyň we çarçuwaly maksatnamalarynyň üstüni dolup, howa garşy durnukly infrastrukturany döretmäge, bilogik köpdürliligi goramaga hem-de ekoulgamlary dikeltmäge ünsi jemleýär.
Ýaşlar, oba hojalygy we innowasiýalar
Maslahatyň çäginde geçirilen Türkmenistanyň milli çäreleri möhüm durmuş we ykdysady ugurlaryna täsir ýetirdi.
Ýaşlar başlangyçlary. Startap başlangyçlar boýunça geçirilen maslahatda ýaşlar özgertmeleriň esasy hereketlendiriji güýji diýlip atlandyryldy. Bu çäre Türkmenistanyň ýaşlar syýasatynyň konseptual we hukuk nukdaýnazarlaryny açyp görkezdi. Onda ýaşlara strategiki ähmiýetli serişde hökmünde garalýar.
Azyk howpsuzlygy. Oba hojalyk pudagyna bagyşlanan çärelerde sebitleýin oba hojalyk barlag merkezleriniň we döwlet-hususy pudag hyzmatdaşlygynyň azyk howpsuzlygy üpjün etmekdäki orny ara alnyp maslahatlaşyldy. Howanyň üýtgemegi we topraklaryň ýagdaýy bilen baglanyşykly kynçylyklary ýeňmek üçin innowasion çözgütleriň we maýa goýumlaryň ähmiýeti bellenildi.
Aýlawly ykdysadyýet. Aýlawly ykdysadyýet temalary hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bu konsepsiýa bolan ygrarlylygyny tassyklap, ýapyk aýlawly ykdysadyýete geçiş üçin toplumlaýyn strategiýany işläp taýýarlaýar.
Bu ähli çäreler Awazadaky BMG-niň Maslahatynyň resmi dialogyň daşyna çykýandygynyň aýdyň mysaly boldy. Bu Maslahat häkimiýet edaralarynyň, telekeçiligiň we raýat jemgyýetiniň tagallalaryny anyk çözgütleri işläp düzmek üçin amaly meýdança öwrüdi.
LLDC ýurtlarynyň söwda, maýa goýum, sanlylaşdyrma, howa we ýaşlar syýasaty babatda esasy meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň diňe bir jarnama bolman, eýsem durnukly we inklýuziw ösüş ýolunda utgaşdyrylan we netijeli hereketleriň gollanmasyna öwrüljekdigini görkezýär.
ORIENT