Professional 4K kameraly Pavo Femto kiçi ölçegli dron döredildi
08.08.2025 | 17:10 |BETAFPV kompaniýasy täze Pavo Femto mikro-dronyny hödürledi, ol ykjam uçýan enjamlar üçin täze standartlary döredýär. Ölçegi bary-ýogy 75 mm we agramy 250 gramdan az bolan bu dron, 4K/60fps derejede professional hilde wideo surata alyp bilýär. Bu aýratynlyklar boýunça ol bazardaky iň kiçi dron hasaplanýar.
Pavo Femto ýokary şekillendiriş hiline DJI O4 Air Unit sanly ulgamynyň kömegi bilen ýetýär. BETAFPV-niň inženerleri ýörite amortizasiýaly asma ulgamy ornaşdyryp, wibrasiýalaryň öňüni aldylar, bu bolsa dronyň tiz hereketlerinde hem durnukly şekil bermegini üpjün edýär. Dron LAVA 1102 kollektorsyz hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylan we 4–6 minutlap uçup bilýär.
Bilermenleriň pikiriçe, Pavo Femto barmasy kyn bolan ýerlerde — binagärlik desgalaryndan başlap senagat binalaryna çenli — surata düşürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Dron 125,99 ABŞ dollaryndan başlaýan bahadan, özbaşdak ýygnamak üçin niýetlenen toplum görnüşinde hödürlenýär, bu bolsa ony has uly we gymmat modelleriň elýeterli alternatiw görnüşine öwürýär.
ORIENT