Ýaşlaryň sesi: «Awazada geçirilen maslahat şahsy tapgyrym boldy»
10.08.2025 | 00:08 |Türkmenistanyň talyp ýaşlary dünýä ölçegindäki başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar, olaryň sesi bolsa iň ýokary halkara meýdançalarynda ýaňlanýar. Size Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji taryhy maslahatyna gatnaşan Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçisiniň şahsy täsirlerini ýetirýäris.
Türkmenistanyň talyp ýaşlarynyň adyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatyna gatnaşmak meniň bagtyma düşdi. Bu giň gerimli halkara çäresi durnukly ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, hyzmatdaşlygy berkitmek we hiç bir adamyň yzda galmajak geljegiň hatyrasyna umumy çözgütleri gözlemek üçin möhüm platforma boldy.
Bu möhüm waka türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, dürli ýurtlardan ýokary derejeli myhmanlaryň, şol sanda döwlet ýolbaşçylarynyň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň gatnaşmagy bilen has-da ähmiýetli boldy. Olaryň gatnaşmagy maslahatyň strategiki ähmiýetini nygtady, halkara dialogyň pugtalandyrylmagyna hem-de forumyň ýokary diplomatik we guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine ýardam etdi.
LLDC ýaşlar forumynyň çäklerinde men Durnukly ösüş maksatlarynyň 13-nji – «Howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça hereketler» maksadynyň ýaş ilçisi hökmünde çykyş etdim. Bu meniň üçin diňe bir maslahatlaşmalara gatnaşmak däl, eýsem ýurdumyň ýaş nesliniň başlangyçlaryny, pikirlerini we isleglerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmegiň mümkinçiligi boldy. Biz ýaşlaryň global gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagynyň ähmiýeti barada pikir alyşdyk, beýleki döwletleriň wekilleri bilen tejribe paýlaşdyk, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini gözledik we umumy maksatlara ýetmek üçin biri-birimizi ruhlandyrdyk.
Aýratynam maňa täsir eden pursat zenan liderleriň forumyna gatnaşmagym boldy. Bu forum görnükli syýasy işgärleri, diplomatlary, alymlary we işjeň agzalary bir ýere jemledi. 7-nji awgustda Forumyň ýapylyş dabarasynda meniň umumy parahatçylyk, deňlik, özara düşünişmek we ösüş ugrunda edýän tagallamyzyň nyşany bolan jemleýji resminamany okamak ýaly uly hormata mynasyp bolmagym maslahatyň meniň üçin iň ýokary pursady boldy. Bu pursat jogapkärçilik, buýsanç we ylham duýgularyny özünde jemledi.
Men maslahatyň guramaçylaryna, BMG-niň ýolbaşçylaryna, ähli gatnaşyjylara, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetine işlemek, tejribe alyşmak we açyk dialog geçirmek üçin iň amatly şertleri döredenleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Ýokary guramaçylyk derejesi, mähirli garşy alma we hyzmatdaşlyk ruhy her bir gatnaşyjynyň kalbynda ajaýyp duýgylary galdyrandygyna ynanýaryn.
Bu maslahat meniň üçin diňe bir gymmatly hünär tejribesi bolman, eýsem durnukly ösüş, howany goramak we halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi ugrunda işjeň hereket etmäge bolan ymtylyşymy güýçlendiren möhüm şahsy tapgyrym boldy. Men Awazadan täze güýç, geljekki taslamalar üçin täze pikirler we bilelikde dünýäni has durnukly, howpsuz we adalatly edip biljegimize bolan ynam bilen gaýdýaryn.
Serwi Nurýewa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby