Iň täze habarlar

Aşgabatda Hazar gününe bagyşlanyp ussatlyk sapagy geçiriler

11.08.2025 | 15:19 |
 Aşgabatda Hazar gününe bagyşlanyp ussatlyk sapagy geçiriler

12-nji awgustda Aşgabatdaky Rus öýünde Hazar gününe bagyşlanyp 7 ýaşdan uly çagalar üçin niýetlenen döredijilik ussatlyk sapagy geçiriler.

Ýaş gatnaşyjylar öz elleri bilen deňiz tematikasynda bezelen we Hazar deňziniň gözelliginden ylham alnan özboluşly şemdanlary ýasap bilerler.
Çäre Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 11 (“Aşgabat” seýilgähiniň garşysynda) salgysy boýunça geçiriler. Öňünden ýazylmak hökmanydyr – arzalar otdel_tm@mail.ru e-mail arkaly kabul edilýär.

Ussatlyk sapagynyň başlanýan wagty – 16:00. Guramaçylar ähli isleg bildirýänleri döredijilik, deňiz we tomusky ylham gurşawyna aralaşmaga çagyrýar.

Foto: gkd.ru

Şeýle hem okaň: