Iň täze habarlar

Türkmen startaplary halkara arenada özlerini Digital StartUp Awards arkaly tanadyp bilerler

11.08.2025 | 16:15 |
 Türkmen startaplary halkara arenada özlerini Digital StartUp Awards arkaly tanadyp bilerler

Bu gün dünýäniň ähli künjeginde tehnologiýa ösüşine depgin berýänler ýaş, batyrgaý we maksada okgunly kompaniýalar — startaplardyr. Şol äheňde has-da güýçli bolup eşidilýän ses bolsa Merkezi Ýewraziýadan ýaňlanýar — bu Kawkaz, Merkezi Aziýa ýurtlaryny we Mongoliýany birleşdirýän sebitdir.

Bu ýerde 100 milliondan gowrak adam ýaşaýar, iň esasy zat bolsa — bu ýerde geljegi üýtgetmäge taýýar zehinli ýaşlaryň joşgunly güýji gaýnap dur. Şu ýylda Özbegistanyň IT-Parky ilkinji gezek Digital StartUp Awards atly giň gerimli bäsleşigi geçirýär. Bu bäsleşik sebitdäki sekiz ýurtdan iň gowy ýaş telekeçileri jemlär. Bu diňe bir ýaryş däl — bu ýerde pikirler işewürlige öwrülýär, ýerli taslamalar bolsa sebitleýin, soňra bolsa dünýä bazaryna çykmaga mümkinçilik alýan başlangyç meýdançadyr.

Türkmenistanda bäsleşigiň esasy hyzmatdaşynyň wezipesini StartUp Academy ýerine ýetirýär. Biz gatnaşyjylara sebitleýin «batl»-a taýýarlanmaga, pikiriňiziň halkara sahnasynda parlap görünmegi üçin zerur kömegi bereris. Eger siz türkmenistanly startap bolsaňyz — bu özüňizi tanatmak üçin siziň mümkinçiligiňizdir.

Maksatlaryňyzy üstünliklere, ylhamyňyzy bolsa netijä öwürmegiň wagty geldi.

Hasaba duruň we Digital StartUp Awards bäsleşigine gatnaşyň. Giňişleýin maglumat: startupbase.uz/ru/digital-startup-awards

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: