Iň täze habarlar

Google täze wirtual dünýäleri döretmek üçin niýetlenen Genie 3 modeli bilen tanyşdyrdy

08.08.2025 | 15:30 |
 Google täze wirtual dünýäleri döretmek üçin niýetlenen Genie 3 modeli bilen tanyşdyrdy

Google wirtual dünýäleri generirlemek üçin niýetlenen Genie 3 modeliniň täze görnüşini döretdi. Bu neýroulgamy ýönekeý tekst düşündirişi ýa-da surat esasynda hakyky wagt tertibinde interaktiw gurşawlary döredip bilýär. Döredilýän dünýäleriň iň ýokary hil derejesi sekuntda 24 kadr tizligi bilen 720p bolup biler.

Esasy täzelikleriň arasynda modeliň «ýadynyň» ep-esli giňeldilmegi bar: öňki wersiýasy döredilen dünýäniň bitewiligini bary-ýogy 10 sekuntlap saklap bilýän bolsa, Genie 3 ýerleşýän ýerleri birnäçe minutlap ýatda saklaýar. Mundan başga-da, hakyky wagt tertibinde tekst buýruklarynyň üsti bilen dünýäleri üýtgetmek mümkinçiligi peýda boldy — täze obýektleri goşmak ýa-da hakyky fizikanyň hasaba alynmagy bilen howany üýtgetmek mümkin.

Mümkinçilikleriniň täsirli bolmagyna garamazdan, Genie 3 modeliniň çäklendirmeleri hem bar. Model hakykatdan bar bolan ýerleri gaýtadan döredip bilmeýär, şeýle hem käwagt «galýusinasiýa» täsirini döredýär — meselem, gahrymanlaryň ýöreýşini nädogry görkezýär. Häzirki wagtda Genie 3-e elýeterlik ýapyk ýagdaýda, emma Google ony kämilleşdirmek üçin sany çäkli bilermenlere we alymlara hödürlemegi meýilleşdirýär.

ORIENT

Foto: hi-tech.mail.ru

Şeýle hem okaň: