Iň täze habarlar

LLDC3-niň Ýewropanyň mediasynda beýan edilişi: Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasynyň hyzmatdaşlarynyň goşandy

11.08.2025 | 18:27 |
 LLDC3-niň Ýewropanyň mediasynda beýan edilişi: Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasynyň hyzmatdaşlarynyň goşandy

Hazaryň türkmen kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň halkara diplomatiýasynyň merkezine öwrülen günlerinde, Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) giňden beýan edilmegi ugrunda işjeň maglumat kampaniýasy açyldy. Ýewropanyň öňdebaryjy media ulgamlary bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň netijesinde, bu ählumumy derejesindäki möhüm waka daşary ýurt metbugatynda giňden şöhlelendirildi.

Esasy maglumat utgaşdyryjysy we neşir edilen makalalaryň köpüsiniň awtory hökmünde Derýa Soýsal çykyş etdi – Merkezi Aziýada giňden tanalýan belgiýaly žurnalist hem-de “EU Reporter”-iň, “Bruxelles Korner”-iň halkara habarçysy, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-i tarapyndan akkreditirlenen žurnalist. Onuň taýýarlan maglumatlary LLDC3-iň maslahatynyň Ýewropa media giňişliginde we dürli sosial ulgamlarynda giňden beýan edilmegine möhüm goşant goşdy. Ol uzak aralykdan işleşip, forumyň esasy wakalaryny wagtynda we ýokary hilli şöhlelendirdi, halkara maglumat platformalarynyň birnäçesi bilen hyzmatdaşlyk etdi.

Onuň goldawynyň esasynda LLDC3 maslahatynyň gidişine we mazmunyna bagyşlanan ýigrimiden gowrak makalalar çap edildi we birnäçe wideo materiallar ýerleşdirildi. Esasy maglumat hyzmatdaşlarynyň hatarynda “EU Reporter”, “EU Reflect”, “The Europe Today”, “Eurasia Review”, “Diplomat Times”, “The Gulf Observer”, “Bruxelles Korner” we “Barin Ajans” ýaly abraýly neşirler boldy.

Hususan-da halkara media platformasy bolan “EU Reflect” aýratyn bellenmäge mynasypdyr – onuň “YouTube” kanaly bir milliona golaý abunaçysy bilen tanalýar. Bu abraýly platformada LLDC3 maslahatyna hem-de Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyna bagyşlanan birnäçe analitik makala we esasy wideo material ýerleşdirildi. Olaryň arasynda “A Path Forward: The Third UN Conference on LLDCs”, “LLDC3: Turkmenistan and the United Nations Advance Global Connectivity and Dialogue” hem-de “Gurbanguly Berdimuhamedow Meets UN Secretary-General” atly neşirler aýratyn bellärliklidir. Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy Derýa Soýsala LLDC3 maslahatynyň maglumat taýdan beýan edilmegindäki netijeli hyzmatdaşlygy we hünär ussatlygy bilen çemeleşmesi üçin minnetdarlyk bildirýär.

Ýewropa mediasynda çap edilen materiallar bilen aşakdaky baglanyşyk arkaly tanşyp bilersiňiz:

  1. A Path Forward: The Third UN Conference on LLDCs (5–8 August 2025, Awaza, Turkmenistan)

  2. From neutrality to global impact: Turkmenistan’s role in LLDC3 and international affairs

  3. https://barinajans.com/haber/unlocking_potential_the_un_conferences_on_landlocked_developing_countries_a_path_forward_with_turkmenistan-2315.html

  4. https://www.bruxelleskorner.com/haber/a-path-forward-the-third-un-conference-on-lldcs-58-august-2025-awaza-turkmenistan-9343

  5. https://www.bruxelleskorner.com/haber/azerbaycan-ve-turkmenistan-orta-koridoru-birlikte-ileri-tasimak-9355

  6. https://thegulfobserver.com/from-neutrality-to-global-impact-turkmenistans-role-in-lldc3-and-international-affairs/

  7. https://theeuropetoday.com/2025/08/02/from-neutrality-to-global-impact-turkmenistans-role-in-lldc3-and-international-affairs/

  8. https://almasse24.com/2025/08/02/from-neutrality-to-global-impact-turkmenistans-role-in-lldc3-and-international-affairs/

  9. https://yenivatan.be/ileriye-dogru-bir-yol-ucuncu-bm-lldc-konferansi/

  10. https://www.eurasiareview.com/03082025-from-neutrality-to-global-impact-turkmenistans-role-in-lldc3-and-international-affairs-oped/

  11. Azerbaijan and Turkmenistan: Driving the Middle Corridor Together - https://eureflect.com

  12. https://diplomattimes.in/united-nations/from-neutrality-to-global-impact-turkmenistans-role-in-lldc3-and-international-affairs/

  13. https://dunyo.info/uz/actual/vzglyad-iz-bryusselya-uzbekistan-uspeshno-preodolevaet-geograficheskie-ogranicheniya-prevraschaya-ih-v-strategicheskoe-preimuschestvo-na-puti-integracii-v-globalnuyu-ekonomiku

14.LLDC3: Turkmenistan and the United Nations Advance Global Connectivity and Dialogue

  1. LLDC3 : Gurbanguly Berdimuhamedow Meets UN Secretary-General

  2. Azerbaijani Parliament Speaker Sahibə Qafarova Leads Delegation to Turkmenistan for LLDC3 Parliamentary Forum - https://eureflect.com

  3. Azerbaijan and Turkmenistan: Driving the Middle Corridor Together - The Gulf Observer

  4. Azerbaijan and Turkmenistan: Driving the Middle Corridor Together - The Europe Today

  5. https://x.com/EUREFLECT/status/1952037379755196860

  6. https://www.gundem.be/yazarlar/konuk-yazarlar/ileriye-dogru-bir-yol/

VIDEO

  1. https://youtu.be/BzOFseEX77o?si=82nhceFoO3bf4I80

  2. https://x.com/syrdaryasy/status/1952815566097469768

  3. https://www.tiktok.com/@turkestantimes/video/7535190503139167520?is_from_webapp=1&sender_device=pc&web_id=7498699738931054102

  4. https://www.instagram.com/reel/DM_B5wFt1LZ/?igsh=NHUwbHNiZnZmcTRv

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: