Iň täze habarlar

Alymlar suw otlaryndan doly gaýtadan işlenip bilinýän täze berk plastigi döretdiler

09.08.2025 | 17:30 |
 Alymlar suw otlaryndan doly gaýtadan işlenip bilinýän täze berk plastigi döretdiler

Wirjiniýanyň Tehnologik Institutynyň alymlar topary tebigy materiallardan plastik öndürmegiň düýpgöter täze usulyny işläp taýýarlady. Olar esasy çig mal hökmünde giňden elýeterli bolan gök-ýaşyl suw oty — spirulinany ulanmak arkaly berk we doly gaýtadan işlenip bilinýän material aldylar.

Usulyň esasy aýratynlygy şundan ybarat: biomassa öňünden gaýtadan işlenmän, dolulygyna ulanylýar. Ol sintetiki bölekler bilen birlikde şar görnüşli degirmende garyşdyrylýar. Tutuş proses bary-ýogy bir ýarym sagat dowam edýär, adaty barlaghana usullary bolsa iki güne çenli dowam edip bilerdi.

Alnan material diňe bir berkligi bilen däl, eýsem, doly gaýtadan işlenmäge bolan aýratyn ukyby bilen hem tapawutlanýar. Ony birnäçe gezek gaýtadan eredip bolýar, şeýle hem ony dolulygyna başlangyç himiki böleklere we biomassa görnüşine bölüp bolýar. Şol bölekler soňra gaýtadan ulanylyp bilner. Şeýle usul galyndylaryň döremegini aradan aýyrýar.

Işläp taýýarlaýjylar bu tehnologiýany oba hojalyk galyndylary ýaly beýleki biomassa görnüşlerine-de uýgunlaşdyryp boljakdygyny belleýärler. Bu usul ýönekeý, elýeterli we ekologiýa taýdan howpsuz bolandygy üçin, planetamyzyň hapalanmagy bilen göreşde ägirt uly öňe gidiş bolup biler.

ORIENT

Foto: Spencer Coppage

Şeýle hem okaň: