Iň täze habarlar

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda amallarynyň möçberi mälim edildi

11.08.2025 | 12:55 |
 Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda amallarynyň möçberi mälim edildi

Şu ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda amallarynyň möçberi 140,2 million ABŞ dollaryna deň boldy. Hasabat döwründe Türkmenistan bilen söwda amallary Azerbaýjanyň umumy daşary söwda dolanyşygynyň 0,57 göterimini düzdi.

Şu ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda Azerbaýjandan Türkmenistana 30,3 million ABŞ dollary möçberinde haryt eksport edildi. Şeýle hem şol döwürde Türkmenistandan 109,8 million ABŞ dollary möçberinde import amallary ýerine ýetirildi.

Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda Azerbaýjandan Türkmenistana 29,5 million ABŞ dollary möçberinde nebite degişli bolmadyk önümler eksport edildi.

Hasabat döwründe Türkmenistana eksport edilen nebite degişli bolmadyk önümler Azerbaýjanyň umumy eksportynyň 1,68 göterimini düzdi. Şeýlelikde, Türkmenistan Azerbaýjandan nebite degişli bolmadyk önümleri iň köp alýan ýurtlaryň arasynda 10-njy orny eýeledi.

ORIENT

Foto: trend.az

Şeýle hem okaň: