Hytaýda Halkara uzak kosmosy öwrenmegiň birleşigi döredildi
09.07.2025 | 10:35 |7-nji iýulda Hytaýyň Hefeý şäherinde (Anhoý welaýaty) Halkara uzak kosmosy öwrenmegiň birleşiginiň (IDSEA) açylyş dabarasy geçirildi. Bu öz ugruna degişli ilkinji halkara gurama bolup, Aý, planetalar, asteroidler we uzak kosmosy babatda ylmy-barlaglary utgaşdyrmagy we ösdürmegi maksat edinýär.
Birleşik Hytaýyň milli kosmos müdirliginiň (CNSA), Hytaýyň astronawtika jemgyýetiniň, Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň we beýleki halkara hyzmatdaşlaryň, şol sanda Fransiýanyň Horizon 2061 ylmy başlangyjynyň gatnaşmagynda döredildi. IDSEA guramasynyň ştab-kwartirasy Anhoýda ýerleşýär.
Birleşigiň prezidenti hökmünde Hytaýyň inženerçilik akademiýasynyň akademigi, Hytaýyň aý maksatnamasynyň baş inženeri U Weýžen saýlandy.
Açylyş dabarasyna ylmy edaralaryň, halkara guramalaryň, diplomatik korpusyň we kosmos pudagynyň wekilleri gatnaşdy. IDSEA uzak kosmos bilen baglanyşykly bilimleri alyşmaga, düýpli barlaglar babatda hyzmatdaşlyga hem-de global ylmy missiýalaryň öňe sürülmegine ýardam eder.
ORIENT