Iň täze habarlar

Çagalar emeli añdan akylly: ýaş gatnaşyjylar öňdebaryjy kompýuter görüş ulgamlaryndan ýokary netije görkezdi

05.07.2025 | 14:05 |
 Çagalar emeli añdan akylly: ýaş gatnaşyjylar öňdebaryjy kompýuter görüş ulgamlaryndan ýokary netije görkezdi

Emeli añ (AI) çalt depginlerde ösýär; BMG-nyň maglumatlaryna görä, 2033-nji ýyla çenli onuň dünýä bazary 4,8 trillion dollara ýetip biler. AI eýýäm ulaglary dolandyrmagy, saz ýazmagy, lukmançylyk barlag netijeleri seljermegi we dialog alyp barmagy başarýar. Emma iň täze barlaglar bu tehnologiýanyň möhüm kemçiliklerini ýüze çykarýar: wizual maglumaty gaýtadan işlemekde emeli añ hatda üç ýaşly çagalardan yza galýar.

Templ uniwersitetiniň psihologiýa we neýroylym kafedrasynyň dosenti Wlad Aýzenberg Emori uniwersitetiniň alymlary bilen hyzmatdaşlykda mekdebe çenli ýaşdaky çagalaryñ we öňdebaryjy emeli añ modelleriniň görüş taýdan kabul edişliginiñ deňeşdiriji derñewini geçirdi. Netijeler çagalaryň häzirki zaman kompýuter görüş ulgamlaryndan has ýokary netijelilik görkezýändigini ýüze çykardy. Diňe käbir aýratyn AI modelleri çagalaryň netijelerini geçip bilýär, ýöne munuň üçin olara adamlara görä has uly göwrümli wizual tejribe gerek bolýar.

Synaglaryñ çäklerinde 3–5 ýaş aralygyndaky çagalara 100 millisekunt tizlikde görkezilen suratlardaky obýektleri tanamak hödürlendi. Şol bir wagtyñ özünde olaryň ünsüni sowmak üçin dürli sesler bilen päsgel berildi. Bu ýumşuñ ilkibaşda ulular üçin niýetlenendigine we çylşyrymly hasaplanandygyna garamazdan, çagalar ony üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Aýzenbergiň belleýşi ýaly, çagalaryň kognitiw we neýron mümkinçilikleri maşyn öwreniş algoritmlerini kämilleşdirmekde esas bolup biler. Onuň aýtmagyna görä, AI modelleri adamdan tapawutlylykda has köp ýalňyşlyk edýär we öwrenmek hem-de işlemek üçin ep-esli serişdelere mätäç bolup durýar. Mysal üçin, ChatGPT ýaly uly dil modelini öwretmek üçin adaty bir adamyň ýyllyk zyňyndysyndan 17 esse ýokary uglewodorod yzyny galdyrýar. Çagalaryň obýektleri nähili kabul edýändigine düşünmeklik maşyn öwreniş algoritmlerini has täsirli we tygşytly edip düzmäge, şeýle hem serişde sarp edilişini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer.

ORIENT

Foto: Kandinsky 4.1

Şeýle hem okaň: