Iň täze habarlar

Türkmen mekdep okuwçylary Minskde geçiriljek “Arkalaşygyň çagalary” atly X Halkara foruma gatnaşarlar

03.07.2025 | 11:45 |
 Türkmen mekdep okuwçylary Minskde geçiriljek “Arkalaşygyň çagalary” atly X Halkara foruma gatnaşarlar

2025-nji ýylyň 7-16-njy iýuly aralygynda Minskde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli “Arkalaşygyň çagalary” atly X Halkara medeni-bilim forumy geçiriler. Gatnaşyjylaryň arasynda türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň wekiliýeti hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň beýleki ýedi ýurdunyň ýaş wekilleri bar.

Forumyň maksatnamasynda ýadygärlik ýerlere baryp görmek, medeni we bilim çäreleri, ekskursiýalar, şeýle hem döwlet işgärleri we ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri bilen duşuşyklar göz öňünde tutuldy. Forumyň dabaraly açylşy we “Minsk – gahryman şäher” ýadygärligine gül goýmak dabarasy 8-nji iýulda geçiriler.

Gatnaşyjylar Belarusyň Milli kitaphanasyna, Ylymlar akademiýasyna, “Hatyn” ýadygärlikler toplumyna hem-de Milli çagalar tehnologiýa parkyna baryp görerler. Forumyň çäklerinde Respublikanyň Geňeşiniň, pudaklaýyn ministrlikleriniň wekilleri hem-de belarus kosmonawty Marina Wasilewskaýa bilen duşuşyklar geçiriler.

“Arkalaşygyň çagalary” atly forum 2013-nji ýyldan bäri Gyrgyzystanyň parlamentiniň başlangyjy bilen hem-de GDA-nyň Hökümetara Assambleýasynyň ýolbaşçylygynda geçirilýär. Minskde X ýubileý forumy Belarus Respublikasynyň Geňeşiniň başlygy Natalýa Koçanowanyň teklibi bilen guraldy.

Foto: iacis.ru

Şeýle hem okaň: