Dyson fermerçiligiň geljegini gurýar: Angliýada ägirt uly ýertudana fermasy
02.07.2025 | 13:20 |Özüniň inženerçilik çözgütleri bilen tanalýan Dyson kompaniýasy ýertudanany tutuş ýylyň dowamynda ösdürmek üçin niýetlenen giň gerimli ýokary tehnologiýa fermasyny gurup, dünýäni haýran etdi. 26 akrlyk meýdany bilen bu aýna görnüşindäki täze ýyladyşhana Angliýanyň gündogar bölegindäki Linkolnşir graflygynyň ýanynda ýerleşip, içinde bir milliondan gowrak nahallaryň ösdürilýän ägirt uly aýlanýan tigire meňzeýär. Bu özboluşly desga ösümliklere kadaly yşyklandyryş we howa elýeterliligini üpjün edip, ýylda 1250 tonna çenli ýertudanany öndürmäge ukyplydyr.
Bu ulgam oba hojalyk tehnolgiýasynyň naýbaşysydyr. Ähli işler awtomatlaşdyrylan: datçikler howa temperaturasyna, çyglylyga, CO2 we suw berilşine gözegçilik edýärler, kameralary we manipulýatorlary bolan robotlar bolsa usullyk bilen bişen miweleri ýygnaýarlar. Gün ýagtysy LED- we UV-çyralary bilen utgaşdyrylan, zyýan berijilere garşy göreşde bolsa indi himiki serişdelerden ýüz öwürip, gurallar tarapyndan paýlanylýan ýörite mör-möjekleriň kömegi bilen biologiki gözegçilige geçildi.
Energetika garaşsyzlygyny şahsy bioenergetika toplumy üpjün edýär. Ol oba hojalyk galyndylaryny elektrik energiýa we ýylylyga öwürýär, kömürturşy gazy bolsa ösümlikleriň ösüşini çaltlandyrmak üçin ýyladyşhana gaýtarylýar. Munuň özi fermany ýokary netijeli we ekologiýa taýdan arassa edýär hem-de topraga düşýän ýüki azaldyp, howa şertlerine garamazdan hasyl ýetişdirmäge mümkinçilik berýär.
Dyson daşamalara çykýan çykdajylary azaladyp hem-de zyňyndylary peseldip, şäher fermerçiligi pikirini öňe sürýär. Taslama tehnologiýalaryň oba hojalygy üýtgedip, onuň ýokary takykly, ekologiýa taýdan arassa we tebigy şertlere garaşsyz edip bilýändigini görkezdi.
ORIENT