Iň täze habarlar

TDEI-de ylmy maslahat: Magtymguly Pyragy ruhy bitewilik barada

24.06.2025 | 15:40 |
 TDEI-de ylmy maslahat: Magtymguly Pyragy ruhy bitewilik barada

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Magtymguly Pyragynyň şygyryýeti – ruhy bitewiligiň esasy” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyargynyň şygyryýet günlerine bagyşlanan bu çäre institutyň professor-mugallymlaryny, ylmy işgärlerini, aspirantlaryny we talyplaryny ýygnady.

Umumy mejlisde we bäş bölümçede geçirilen bu maslahat Magtymguly Pyragynyň döredijiligini has çuň öwrenmäge bagyşlanan 100-den gowrak ylmy nutuklar bilen çykyş etmek üçin meýdança öwrüldi. Gatnaşyjylar şahyryň eserlerini türkmen halkynyň ruhy bitewiligini we agzybirligini pugtalandyrmagyň faktory hökmünde seljerip, Pyragynyň şygyryýetiniň häzirki zaman dünýäsinde derwaýyslygy barada bellediler.

Maslahat “Kuwwat” talyplar aýdym-saz toparynyň çykyşlary bilen tamamlandy.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: