Magtymguly uniwersiteti şu ýyl 1,7 müñden gowrak hünärmenleri çykardy
19.06.2025 | 12:45 |17-njy iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň bu baýry ýokary bilim ojagyny 2024-2025-nji okuw ýylynda tamamlaýan uçurymlaryň gutardyş dabarasy geçirildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hünärleriň 33-si boýunça 1748 uçurym tamamlaýar. Olaryň 1674-si hünärmen, 50-sy bakalawr, 24-si magistr maksatnamasy boýunça ýokary bilime eýe boldular.
Dabara ýurdumyzyň ministrliklerdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerinden, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we onuň ugurdaş ylmy-barlag institutlarynyň alymlaryndan ybarat Jemleýji döwlet synag toparlarynyň başlyklary, uniwersitetiň professor-mugallymlarydyr uçurymlary gatnaşdylar.
Ilki bilen çykyşlara orun berlip, olaryň dowamynda 90 ýyldan gowrak wagt bäri ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli ugurlaryndan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly goşant goşýan baýry ylym-bilim ojagynda talyplaryň bellenen dersler boýunça döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyryp, özleşdiren bilimleriniň, hünär başarnyklarynyň netijesini görkezýändiklerine üns çekildi.
Dabarada ýaşlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlasly hem netijeli zähmet çekjekdiklerine ynam bildirdiler.
Dabarada tapawutly we göreldeli okan, döwlet hem-de halkara derejesinde ders, ylmy-taslama, döredijilik bäsleşiklerinde ýeňiş gazanan, sport ýaryşlarynda, medeni-jemgyýetçilik çärelerinde işjeňlik görkezen uçurymlara Minnetdarlyk hatlary, uniwersitetiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň höwesjeňleriniň hem-de uçurym talyplaryň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazlar, tanslar, okalan goşgular bu ýere gelenlere ruhy lezzet paýlady.
ORIENT