“Oguz hanyň zehinli nesilleri”: Türkmenistanda innowasion olimpiada
18.06.2025 | 15:30 |Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly integrirlenen olimpiadany geçirdi. Bu başlangyç bilim derejesini ýokarlandyrmaga, ýaş ösüp gelýän nesliň arasynda zehinlileri ýüze çykarmaga hem-de ylma bolan höweslerini artdyrmaga gönükdirildi. Halkara standartlaryna laýyk gelýän olimpiada diňe bir ders bäsleşigi bolman, eýsem ol ýaşlaryň aň-düşünjesini, ylmy we döredijilik ukyplaryny ösdürmek üçin doly manydaky meýdança öwrüldi.
Şu ýyl olimpiada müňlerçe mekdep okuwçylaryny jemledi: birinji tapgyrdaky 9-12-nji synp okuwçylarynyň 2500-den ikinji tapgyra 1000-si, jemleýji tapgyra bolsa iň zehinli 60 sany okuwçy geçmegi başardy. Olar üçin uniwersitet diňe bir ýaryşlary däl-de, eýsem intensiw ylmy maksatnamasyny hem taýýarlady: döwrebap barlaghanalarda amaly sapaklar, tanymal daşary ýurtly professorlaryň umumy sapaklary we robototehnika boýunça işler. Gatnaşyjylar uniwersitetiň üstünlikli talyplary bilen hem gürrüňdeş boldylar. Bu bolsa olary şahsy ylmy barlaglary geçirmäge ruhlandyrdy.
Taslamanyň netijeliligi olimpiadamyň öňki gatnaşyjylarynyň eýýäm bu ýokary okuw mekdebinde bilim alýandyklary bilen tassyklanylýar. “Oguz hanyň zehinli nesilleri” – bu möhüm çäre bolup, ol ýaş nesilde innowasion aň-düşünjäni emele getirmek bilen, olara ertirki güne ynam berip, ýurdumyz üçin geljekki hünärmenleri taýýarlaýar.
ORIENT