Doktor Melda Ýyldyz Ý.Kakaýew adyndaky HNweGU-de emeli aň we sanlylaşdyrma boýunça seminar geçirdi
18.06.2025 | 17:00 |17-nji iýunda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Ýokary bilim ulgamynda sanlylaşdyrma, IT we emeli aň” atly okuw seminary geçirildi. Ony ABŞ-nyň Fullbright alyş-çalyş maksatnamasynyň hünärmeni doktor Melda Ýyldyz geçirdi.
Seminar uniwersitetiň Maglumat tehnologiýalar merkezinde geçirilip, ol ýerde sanly tehnologiýalar we kiber howpsuzlyk fakultetiniň mugallymlary we talyplary ýygnanşdylar. Doktor Ýyldyz orta mekdepden başlap bilim ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmak babatda öz ýurdunyň tejribesi barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle hem, ol dünýäniň we ýerli sanly kompaniýalarynyň gatnaşmagynda nebit we gaz hem-de energetika pudagyna emeli aňy we onuň bilen baglanyşykly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ýokary ösüş depgini barada aýdyp, gazanylan möhüm netijeler barada belläp geçdi.
Melda Ýyldyzyň geçiren seminary işjeň sorag-jogap alyşmagy bilen tamamlanyp, onuň netijesinde gatnaşyjylar gymmatly maglumatlar üçin doktor Ýyldyza öz hoşallyklaryny bildirdiler.
ORIENT