Türkmenistanyñ Bilim ministrligine görä ýokary okuw mekdepleriniñ iñ gowy mugallymlary belli boldy
09.06.2025 | 15:40 |Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň iň gowy mugallymlarynyň atlary belli boldy. Bu sanaw Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ekoulgamynyň bir bölegi bolup durýar. Bu barada ORIENT-e ministrligiň metbugat gullugy habar berdi.
Şeýlelikde, häzirki wagtda sanawyñ ýokarky orunlarynda ýerleşýän mugallymlar:
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematiki analiz kafedrasynyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Nurmuhammet Gurbanmämmedow;
Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň ýokary matematika kafedrasynyň müdiri Sähetgylyç Gylyjow;
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň müdiri, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban Ezimowa;
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili kafedrasynyň müdiri Gözel Babaýewa;
Türkmen oba hojalyk institutynyň traktor we oba hojalyk tehnikalary kafedrasynyň müdiri Döwlet Durdyýew;
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň nazary we eksperimental fizika kafedrasynyň mugallymy Allamyrat Amanmädow;
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy Bibihajar Kerimowa;
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň amaly matematika we informatika kafedrasynyň uly mugallymy Maral Aşyralyýewa;
Türkmen oba hojalyk institutynyň kompýuter tehnologiýalary mugallymy Yusupbaý Ermetow.
Bu mugallymlaryň ýokary baha gazanmagy olaryň okuw-usuly, ylmy makalalaryň neşir edilmekdäki işjeňligi bilen baglanyşyklydyr. Olaryň köpüsi talyp toparlarynyň ýolbaşçylary bolup, dürli ugurlar boýunça okuw gollanmalarynyň we Scopus, Web of Science ýaly halkara ylym-indeks ulgamlaryna girýän ylmy işleriň awtorlarydyr.
Ýurduň ýokary okuw mekdeplerindäki mugallymlary sanaw boýunça baha bermek ulgamy 2022-nji ýylda işe girizildi. Ol mugallymlaryñ işjeňligini elli sany görkeziji boýunça seljerýär. Bu görkezijiler türkmen institutlarynyñ we uniwersitetleriniñ professor-mugallymlar düzüminiň okuw, ylmy, döredijilik we terbiýeçilik işjeňligini öz içine alýar.
ORIENT