Magtymguly adyndaky TDU-da halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
31.05.2025 | 18:18 |Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde bilimiň, ylmyň we innowasiýa tehnologiýalarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Ylym gününe bagyşlanan çäre sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen onlaýn görnüşde geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professorlary we mugallymlary, daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniñ wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyñ alymlary, ylmy işgärleri, aspirantlary we doktorantlary gatnaşdy.
30-njy maýda maslahat birnäçe ugur boýunça bölümçelerde dowam etdi, olar ylmy ugurlaryň giň toplumyny öz içine aldy:
• «Bio-himiki we nanotehnologiýalary ösdürmegiň hem-de olaryň gazanan üstünliklerini önümçilige ornaşdyrmagyň, daşky gurşawy goramagyň meseleleri. Tebigy ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň häzirki zaman usullary»;
• «Matematikada, fizikada we astronomiýada ylmy barlaglar. Sanly bilim, maglumat ulgamy we kompýuter tehnologiýalary, kiber howpsuzlygy hem-de ykdysadyýetiň pudaklaryna emeli aňyň ornaşdyrylmagy»;
• «Ynsanperwer ylymlary: taryh, sosiologiýa, filosofiýa, psihologiýa we pedagogika, hukuk öwreniş ylymlarynyň häzirki zaman ösüşi»;
• «Filologiýanyň meseleleri: türkmen we daşary ýurt dillerini, edebiýatyny öwrenmegiň hem-de okatmagyň usullary»;
• «Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti».
Bölümçe mejlisleriniň dowamynda professorlar, alymlar, ylmy işgärler, doktorantlar we aspirantlar öz ylmy çykyşlaryny ýerine ýetirip, medeni hem-de ynsanperwer meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Maslahata Russiýa Federasiýasy, Italiýa Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Hytaý Halk Respublikasy, Saud Arabystany Patyşalygy, Beýik Britaniýa, Belarus Respublikasy, Azerbaýjan Respublikasy, Gruziýa, Gazagystan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Bangladeş we Türkmenistan ýaly 16 ýurduň 80-den gowrak ýokary okuw mekdeplerinden hem-de ylmy-barlag institutlaryndan takmynan 310-a golaý professor-mugallymlar we alymlar gatnaşdy.
ORIENT