Emeli añ babatda hyzmatdaşlyk: BAE-niň ilçisi Halkara nebit we gaz uniwersitetinde çykyş etdi
28.05.2025 | 18:07 |2025-nji ýylyň 27-nji maýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri: Nebit we gaz pudagyna emeli añy ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk” atly seminar geçirildi.
Çäre BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al-Hameli tarapyndan geçirildi. Seminar uniwersitetiň Maglumat tehnologiýalary merkeziniň maslahatlar zalynda bolup geçdi. Oňa uniwersitetiñ rektory, Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň mugallymlary, talyplary we BAE-niň ilçihanasynyň işgärleri gatnaşdylar.
Çykyşynyň dowamynda ilçi Ahmed Al-Hameli ýurdunyň emeli añy ylmy-bilim ulgamynda hem-de nebit we gaz pudagynda ulanmakdaky tejribesi bilen paýlaşdy. Ol BAE-da çagalyk döwründen başlap emeli añy öwredilýändigini hem-de ony dünýä belli we ýerli kompaniýalaryň gatnaşmagynda energetika ulgamyna üstünlikli ornaşdyrýandygyny belläp geçdi. Bu bolsa eýýäm möhüm netijeleri berýär.
Ilçi şeýle hem BAE-niň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen tanyşdyrdy we ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy. Onuň çykyşyndan soň talyplar we mugallymlar öz soraglaryny berip, giňişleýin jogaplary aldylar.
Seminaryñ ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we BAE-niň arasynda dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň, aýratyn-da emeli añy ösdürmek we ornaşdyrmak ugurlarynda hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtadylar.
ORIENT