“Tapnote” taslamasynyň üstünligi: Bäsleşikde birinji ýer
24.05.2025 | 20:15 |“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli 2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmen-Hindi maglumat tehnologiýalary merkezinde ýaşlaryň innowasion startap taslamalar bäsleşiginiñ jemleýji tapgyry geçirildi. Bu çäre ýaşlarda döredijilikli pikirlenmäni höweslendirmäge we tehnologiýa ugrukdyrylan pikirleriň durmuşa geçirilmegine goldaw bermäge gönükdirildi.
Bäsleşigiň ýeňijisi Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Jelalowa Maryam Isaýewna boldy. Onuň “Tapnote” atly taslamasy — kompaniýalaryň öňe ilerledilmeginiň innowasion usuly — birinji orny eýeledi. Maryam Isaýewna bilim almak we özüñi ösdürmek üçin döredilen giň mümkinçilikler üçin Gahrymana Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlyk sözlerini aýtdy.
ORIENT