Türkmenistan Londonda geçirilen Bütindünýä bilim forumyna işjeň gatnaşýar
19.05.2025 | 12:23 |2025-nji ýylyň 18-nji maýynda London şäheri Bütindünýä bilim forumynyň (Education World Forum) meýdançasy boldy. Bu forum her ýyl dünýäniň 100-den gowrak ýurdunyň bilim ulgamynyň öňdebaryjy wekillerini bir ýere jemleýär. Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmenistanly wekiliýeti forumyň çärelerine işjeň gatnaşyp başlady.
Forumyň ilkinji gününiň çäklerinde türkmen wekiliýeti bilim ulgamynyň ösüşiniň esasy ugurlaryna — inklýuziýa, durnuklylyk we netijelilik meselelerine bagyşlanan sammitden öñki strategiýa maslahatyna gatnaşdy. Bu sessiýanyň dowamynda «Apple» kompaniýasy bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy boýunça öz innowasion çemeleşmelerini hödürledi. Kompaniýa dünýäniň dürli ýurtlarynda planşetleriniñ, ýöriteleşdirilen ykjam programmalaryň, şeýle-de «Everyone Can Create» we «Everyone Can Code» atly taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly tejribesini paýlaşdy.
Bu sessiýanyň dowamynda Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (OECD) Bilim we başarnyklar bölüminiň direktory Andreas Şlaýheriň eden çykyşyna aýratyn gyzyklanma bildirildi. Ol tehnologalaryň bilim prosesine ýetirýän täsiri boýunça halkara barlaglaryň netijelerini paýlaşyp, sanly gurallaryň mugallymyň işine integrirlenmeginiň möhümdigini, olaryň adaty okatmagyň ornuny tutmaly däldigini nygtady. Şlaýheriň bellemegine görä, sanly tehnologiýalaryň okuw wagtynyň 40%-den köp bolmadyk böleginde ulanylmagy bilen adaty usullaryň sazlaşygy iň ýokary netijeliligi berýär.
OECD-niň departament direktory şeýle hem okuwçylaryň esasy bilim derejeleriniň (PISA boýunça takmynan 420 bal) ortaça derejesine ýetirilmeginiň ykdysady taýdan ägirt uly peýda getirip biljekdigine üns çekdi. Ol «Universal Basic Skills: What Countries Stand to Gain» atly barlaglara salgylanyp, ähli okuwçylaryň şol derejä ýetmeginiň ýurtlara 2050-nji ýyla çenli milliardlarça dollar girdeji getirip biljekdigini aýtdy.
Sessiýanyň dowamynda sanly tehnologiýalaryň bilim hiline ýetirýän täsiri boýunça hem seljeriş maglumatlar hödürlenildi. Barlaglar we synag taslamalar maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň (MKT) ölçegli we oýlanyşykly ulanylmagy, adaty okatmagyň usullaryny dolduryp, iň gowy netijeleri berýärndigi görkezdi. Sanly bilim ulgamynyň üstünlikli nusgalary hökmünde Singapur, Günorta Koreýa we Finlýandiýa görkezildi.
Forumyň ilkinji gününiň maksatnamasynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti OECD-niň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda bilim hiliniň baha berilmegi boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy PISA maksatlarynyň «Türkmenistanda 2028-nji ýyla çenli umumybilim maksatnamalarynyň okatmak usulyýetini kämilleşdirmek konsepsiýasyna» integrirlenendigini tassyklady we barlaglaryň usulyýetini mundan beýläk-de öwrenmek barada ylalaşdylar.
Şeýle-de türkmen wekiliýeti «Times Higher Education» (THE) guramasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda türkmen uniwersitetleriniň halkara akademiki abraýyny ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. THE wekilleri ýokary okuw mekdepleriniñ ykdysadyýete we adam maýasyna edýän täsiri boýunça seljeriş maglumatlary hödürlediler hem-de türkmen uniwersitetleri üçin dünýä reýtinglerinde orunlaryny gowulandyrmak boýunça onlaýn seminar geçirmegi teklip etdiler.
Türkmen wekiliýeti forumyň dowamynda geçiriljek umumy mejlislere we ikitaraplaýyn duşuşyklara hem işjeň gatnaşmagy dowam etdirýär. Bu çäreler halkara bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we bilim ulgamynyň sanly transformasiýasy şertlerinde öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga gönükdirilendir.
ORIENT