Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar
05.05.2025 | 15:45 |Aşgabatdaky Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebi 2025-2026-njy okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlar üçin 7-8-nji maýda sagat 14:00-da «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär.
Şol günlerde ýaşlar bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler hem-de hünär ugurlary, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri bilen tanyşdyrylar.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň 2023-nji (Mäti Kösäýew) köçesiniň 90-njy jaýy.
Telefon belgileri: 36-96-73, 36-89-58.
ORIENT