Iň täze habarlar

Stambuldaky Medipol uniwersiteti türkmen talyplary üçin öňdebaryjy okuw merkezi bolmagynda galýar

01.05.2025 | 15:15 |
 Stambuldaky Medipol uniwersiteti türkmen talyplary üçin öňdebaryjy okuw merkezi bolmagynda galýar

Aşgabatda geçirilýän ITSE 2025 halkara sergisiniň çäklerinde Stambulyň Medipol uniwersitetiniň wekili Abdullah Selim bu bilim edarasynyň türkmen talyplarynyň arasynda iň meşhur birileriniň bolmagynda galýandygy barada gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, Medipol türkmenistanly talyplarynyň köp böleginiň bilim alýan esasy ýokary okuw mekdebidir. 1 “Uniwersitetimiziň daşary ýurtda ýokary bilim almak isleýän türkmen talyplary üçin esasy saýlaýan ýokary okuw mekdebi bolandygymyza buýsanýarys” – diýip, jenap Selim belledi. “Her ýyl biz dürli fakultetlerimize 2500-e golaý türkmen talyplaryny kabul edýäris”.

Medipol uniwersiteti özüniň 12 fakultetinde hem-de 100-den gowrak kafedralarynda giň görnüşli okuw maksatnamalaryny hödürleýär. Emma, ýokary okuw mekdebiniň wekiliniň belleýşi ýaly, türkmen talyplarynyň arasynda telekeçilik we ykdysadyýet bilen baglanyşykly ugurlar meşhurlyga eýedir. Bu maksatnamalar boýunça okadylyş hem iňlis, hem-de türk dillerinde amala aşyrylýar. Abdullah Selim türkmen talyplarynyň uniwersitetde rahat ýaşamaklary üçin ähli zeurur şertleriň döredilendigini aýtdy.

Bilimiň hili barada aýtmak bilen, Medipolyň wekili uniwersitetiň dünýä reýtinglerindäki ýokary orunlary barada belledi. “Biziň uniwersitetimiz dünýäniň iň gowy 600 uniwersitetleriniň sanawyna girýär. Munuň özi, esasan hem, saglygy goraýyş we inženerçilik ýaly ugurlarda, okadylşyň ýokary hilini tassyklaýar” – diýip, ol belläp geçdi.

Medipol uniwersiteti zehinli talyplary höweslendirmek üçin dürli mümkinçilikleri hödürleýär. Birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp bolan her fakultetiň iň gowy talyplary 50 % we 25 % möçber degişliliginde bilim almaga arzanlaşyklara eýe bolýarlar.

Abdullah Selim türkmen talyplarynyň gazanan üstünlikleri barada hem beýan etdi: “Geçen ýyl sekiz fakultetiň arasyndaky iň gowy talyp türkmenistanlydy. Ol 100 % talyp hakyna eýe bolup, häzirki wagtda bilim almagy mugt esasda dowam edýär. Mundan başga-da, ýene 5 türkmen talyplarymyz ikinji we üçünji orunlara mynasyp bolup, uly arzanlaşyklara eýe boldylar. Biziň uniwersitetimizde ösüş üçin hakykatdan hem gowy mümkinçilikler bar”.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: