Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty “Açyk gapylar gününe” çagyrýar
29.04.2025 | 14:10 |Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty ýaşlary 2025-nji ýylyň 2-nji we 14-nji maýynda geçiriljek “Açyk gapylar gününe” çagyrýar.
Ýaşlar ýokary bilim babatda gazanylan üstünlikler, dilleriň öwredilişi, okuw prosesiniň gurnalyşy bilen tanyşdyrylar. Myhmanlar döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglaryna, ylmy we döredijilik gurnaklaryna baryp görerler.
Salgy: Aşgabat ş., Aba Annaýew köç., 47-nji jaý.
Habarlaşmak üçin telefon belgi: +99312368408.
ORIENT news