"XIX FIEPS" Ýewropa kongresiniň gün tertibine TDBSI-niň ylmy çykyşlary girizildi
29.04.2025 | 14:55 |Türkiýäniň Antalýa şäherinde 2025-nji ýylyň 24-27-nji apreli aralygynda bedenterbiýe we sport ylymlary ugrundaky täze çemeleşmelere, ylmy tejribelere hem-de ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyna gönükdirilen "XIX FIEPS" Ýewropa kongresi geçirildi.
«Kämillige ruhlandyrmak: bedenterbiýe we sport biliminiň geljegini güýçlendirmek» şygary astynda geçen bu kongres FIEPS (Halkara bedenterbiýe federasiýasy) tarapyndan ýokary guramaçylyk derejesinde guraldy. Kongresiň işine dünýäniň 43 döwletinden takmynan 250 sany wekil gatnaşdy.
2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda diplomatik ýollar arkaly Halkara bedenterbiýe federasiýasynyň Ýewropa kongresiniň başlygy Prof. Dr. Neşe Şahiniň ýokary okuw mekdebimize ýollan resmi çakylyk haty esasynda halkara ylmy-amaly maslahatyň gün tertibine Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan ylmy çykyşlaryň girizilmegi bellärliklidir.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda 2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde guralan «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatyna Ýewraziýa sport ylymlary birleşiginiň ýolbaşçylar düzüminiň wekilleriniň gatnaşmagy bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda möhüm ädim boldy.
FIEPS Ýewropa kongresiniň netijeleri boýunça taýýarlanyljak ylmy neşirleri «Scopus» we «SPORTDiscus» ýaly abraýly halkara indekslerde ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.
ORIENT