Aşgabatda II Halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi
22.04.2025 | 16:50 |Şu gün, 22-nji aprelde Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen umumybilim berýän 131-nji mekdepde okuwçylaryň arasynda geçirilýän II halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasy boldy.
Bu olimipiada gatnaşmak üçin Aşgabada dünýäniň döwletleriniň 15-sinden mekdep okuwçylary we olara ýolbaşçylyk edýän mugallymlar geldiler. Olimpiada Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Pakistan Yslam Respublikasyndan, Katar Döwletinden, Saud Arabystany Patyşalygyndan, Nepal Federatiw Demokratik Respublikasyndan, Wýetnam Sosialistik Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Bolgariýa Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, şeýle hem Türkmenistandan jemi 231 sany zehinli ýaşlar hem-de olaryň ýany bilen gelen 49 daşary ýurtly mugallymlar türkmen myhmansöýerligine mahsus ýokary derejede garşy alyndy.
Säher bilen bu mekdebiň öňündäki giň meýdançada guralan dabarada, ýerine ýetirilen aýdym-sazlar, tanslar olimpiada gatnaşyjylaryň ýüreklerine egsilmez şatlyk-joşgun paýlady.
Soňra halkara olimpiada gatnaşyjylar mekdebiň okuw binasynda guralan ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň dürli ýyllardaky halkara bäsleşiklerinde gazanan üstünlikler we taslama döredijilik işleri, çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň şekillendiriş sungatyna degişli eserleri, kitap sergisi bilen tanyş boldular. Serginiň dowamynda mekdep okuwçylarynyň milli senetçilik we el işlerini ýerine ýetirýän pursatlary, Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň «Mukam» çagalar skripkaçylar toparynyň «Sazlar çemeni» atly ýerine ýetiren saz eserleri myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň, bilim ulgamynyň ösüşlerine, buýsançly habarlaryna, wakalaryna, halkara derejesinde ykrar edilen üstünliklerine bagyşlanan wideoşekillere tomaşa etdiler.
Açylyş dabarasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýolbaşçylary, halkara olimpiadanyň eminler toparynyň başlygy, daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary, daşary ýurtly we türkmenistanly mekdep okuwçylary gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Çykyş edenler matematikanyň gadymdan bäri öwrenilip gelinýän ylymdygyna, orta asyrlarda Merkezi Aziýada we Ýakyn Gündogarda ylmyň dürli ugurlary bilen birlikde matematika hem ýokary derejede ösendigine, Muhammet ibn Musa Horezmi, Ahmet ibn Abdylla Merwezi, Ahmet Nesewi, Abu Reýhan Biruny, Abu Aly ibn Sina ýaly meşhur alymlaryň tagallalary bilen ylmyň dürli pudaklarynda ajaýyp üstünlikleriň gazanylandygyna ünsi çekip, al-Horezmi, Ibn Sina, Omar Haýýam, Nasyreddin Tusy, Ulugbeg ýaly alymlaryň matematika boýunça eden uly açyşlary, matematika degişli uly eserleri hem-de Türkmenistanda bu taryhy tejribäniň dowam etdirilişi barada buýsançly sözler aýtdylar.
Bu dabaranyň çäginde ýerine ýetirilen Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» atly şygry hem-de «Könegüzer» halk aýdymy türkmen milli aýdym-saz sungatyna çäksiz buýsanjy döretdi. Şeýle hem «Svay» daşary ýurt aýdymy, «Gel, Türkmenistana!», «Parahatlyk guşy», «Türkmenistan – Bitaraplyk mekany» aýdymlary hem ýerine ýetirildi.
ORIENT