Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika we fizika derslerinden olimpiada geçirildi
22.04.2025 | 12:45 |16-17-nji aprelde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika we fizika derslerinden olimpiadanyň jemleýji tapgyry geçirildi.
Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna we Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda guralan bu olimpiada 3 tapgyrda geçirildi.
Bäsleşigiň ilkinji tapgyry aprel aýynyň başynda etrap-şäherlerde degişli mekdeplerde guralyp, olarda her etrapdan we şäherden tapawutlanan 3 okuwçy 2-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.
Bäsleşikleriň 2-nji tapgyry 8-nji aprelde göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, welaýatlaryndan jemi 600-den gowrak okuwçy gatnaşdy. Bu tapgyrda okuwçylar sanly bilim ulgamyny ulanmak arkaly matematika we fizika derslerinden bilim derejelerini görkezdiler we has tapawutlananlar jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Olimpiadanyň jemleýji 3-nji tapgyry S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kitaphanasynda geçirildi. Bu tapgyrda gatnaşyjylara 7 mesele hödürlenildi. Olary çözmek üçin 180 minut wagt berildi. Jemleýji tapgyrda toplanan ballaryň jemi boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Olar diplomlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandy.
ORIENT news