Şuhow adyndaky BDTU-nyň türkmen talyplary “Ýeňşi bilelikde gazandyk” atly taslamasynyň çäklerinde Prohorowka ekskursiýa bardylar
17.04.2025 | 15:30 |Şuhow adyndaky BDTU-da taryhy hakydasynyň saklanyp galmagyna aýratyn üns berilýär. Ýokary okuw mekdebinde ozalky Sowet Soýuzynyň respublikalarynyň talyplary okaýar, uniwersitetiň syýasaty bolsa medeniýetara dialoga we özara düşünişmäge gönükdirilendir. Bu bolsa ýaşlara diňe bir umumy taryha akyl ýetirmäge däl-de, eýsem halklaryň arasynda hormat-sylaga we hyzmatdaşlyga esaslanýan berk gatnaşyklary döretmäge mümkinçilik berer.
“Ýeňşi bilelikde gazandyk” atly uniwersitet taslamasynyň döredilmegi üçin ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçylarynyň Ýewraziýa we Afrika halklarynyň assambleýasynyň baş sekretarynyň orunbasary, şol bir wagtyň özünde Wladimir Menşow adyndaky kinofestiwalynyň dowam etdirijisi bolan Wlaeriý Ruzin bilen duşuşygy başlangyç nokat boldy.
“Eýýäm üçülenji ýyl biz ozalky SSSR respublikalarynyň wekilleri bolan ýaşlary ýörite tematiki duşuşyklara ýygnaýarys, ol ýerde gatnaşyjylar Beýik Watançylyk urşy baradaky özüniň maşgala hekaýalary bilen paýlaşýarlar hem-de Ýeňiş gününi nähili belleýändiklerini gürrüň berýärler. Şu ýyl biz türkmenistanly talyplarynyň toparyny Prohorowka ekskursiýa äkitmäge karar geldik. Ol ýerde ata-babalarynyň edermenligine we ýurdunyň taryhyna buýsanyp biler ýaly, olar söweş ýerlerini synlap, hem-de arasynda türkmen familiýalary bolan sanaw bilen tanşyp bilerler. Ýaşlar bu gezelenje tolgulanma bilen gatnaşdylar” – diýip, Şuhow adyndaky BDTU-nyň terbiýeçilik işi we ýaşlar baradaky syýasaty boýunça prorektory Irina Awilowa gürrüň berdi.
Ýaşlar Prohorowka baryp gördüler. Ol ýerde 1943-nji ýylda tanka garşy güýçleriň ulanylmagynda harby taryhyň iň uly söweşleriniň biri bolup geçdi. Ekskursiýanyň dowamynda ýaşlar foto suratlar we resminamalar bilen tanyşdylar, söweşlerde ulanan harby tehnikany syn etdiler, strategleriň hem-de tyl zähmetkeşleriniň irginsiz zähmetiniň netijesinde gazanylan ýeňişler baradaky hekaýalary diňlediler – munuň ählisi ýaşlara uruş döwrüniň gurşawyna aralaşmaga mümkinçilik berdi. Syýahat nesilden nesle geçirilmeli ýurtlaryň beýik taryhynyň we umumy mirasynyň ähmiýeti barada ýatlatdy.
ORIENT news