Türkmen talyplary Belarus Respublikasynda geçirilen nazary mehanika boýunça halkara olimpiadada mynasyp netije görkezdiler
17.04.2025 | 10:10 |Türkmenistanyň talyplary Belarus Respublikasynda 2025-nji ýylyň 9-12-nji apreli aralygynda geçirilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasyndaky nazary mehanika boýunça halkara olimpiadada mynasyp netije görkezdiler.
Mary şäherindäki Türkmen döwlet energetika institutynyň talyplary Ýazjumaýewa Aýna we Ataýewa Dursunjemal topar ýaryşynda üçünji orny eýelediler.
Olimpiada her ýyl Gomel şäherindäki Belarus döwlet ulag uniwersitetiniň binýadynda geçirilýär.
Hereket edýän döwrüniň dowamynda bu olimpiada GDA ýurtlarynyň, şeýle hem Ýewropanyň we Aziýanyň tehniki ugry boýunça mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda uly abraýa eýe boldy.
Şu ýyl ýaryşa Russiýanyň, Hytaýyň, Türkmenistanyň, Belarus Respublikasynyň ýüzden gowrak wekilleri gatnaşdylar.
ORIENT news