Iň täze habarlar

Dünýä dilleri instituty «Lomonosow» halkara ylmy maslahatynyň meýdançasy boldy

14.04.2025 | 22:20 |
 Dünýä dilleri instituty «Lomonosow» halkara ylmy maslahatynyň meýdançasy boldy

11-12-nji aprelde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ilkinji gezek talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň «Lomonosow» atly giň gerimli halkara ylmy maslahatynyň Türkmenistandaky meýdançasy geçirildi. M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti bilen bilelikde guralan bu çäre ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açdy.

Maslahatyň çäklerinde Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Daşary ýurt dillerini öwretmekde bilim tehnologiýalarynyň orny» atly tegelek stolyň başyndaky söhbetdeşlik hem-de «Aýrylmaz baglanyşyk: dil we medeniýet » atly sergi guramaçylykly geçirildi.

1

Halkara ylmy maslahatyň «Pedagogika bilimi we döwrebap bilim tehnologiýalary» we «Terjimäniň nazaryýeti, taryhy we usulyýeti» atly bölümlerinde lingwal pedagogikanyň we terjimeçiligiň derwaýys meseleleri boýunça ylmy çykyşlar edildi. Mundan başga-da, iň oňat işler diplomlar we degişli hormat hatlar bilen sylaglandy.

Şeýle-de, gatnaşyjylaryň ylmy çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň ýygyndysynyň neşir edilmegi hem meýilleşdirilýär.

2

ORIENT

Foto: education.gov.tm / datmddi.edu.tm

Şeýle hem okaň: