Türkmen we daşary ýurtly alymlar häzirki zaman ylmy gözlegleriniň netijeleri bilen paýlaşdylar
11.04.2025 | 18:53 |11-nji aprelde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parkynda «Ylym, tehnologiýa we parahatçylyk: durnukly ösüşiň ýollary» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Türkmen alymlary bilen bilelikde bu çärä Germaniýadan, Eýrandan, Özbegistandan, Türkiýeden, Russiýadan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen alymlar hem gatnaşdy. Irden geçirilen plenar mejlisde myhmanlar maslahatyň gatnaşyjylaryna gutlag sözleri bilen ýüzlenip, häzirki zaman ylmy temalarda çykyş etdiler.
Eýranly alymlar Ali Esmaýeli we Akbar Amini «Ylmy-tehnologiýa parkynyň durnukly ösüşdäki roly: meseleler we mümkinçilikler» atly doklad bilen çykyş etdiler. Germaniýadan gelen Timo Beý bolsa çykyşyny «Türki döwletleriň innowasion merkezi» diýen tema bagyşlady. BAE-niň wekili Hesham Zubari «Gazylyp alynýan ýangyçlar we arassa nol: global durnuklylyga ýol» diýen tema bilen çykyş etdi, Özbegistandan gelen Umida Şaozimowa bolsa ýerli we gaýtadan ulanylýan çig mallara esaslanýan kompozit polimer materiallaryny maksatlaýyn ulanmak arkaly nebit-gaz önümleriniň daşalýan ulgamlarynyň iş ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça gözlegleriň netijelerini hödürledi. Russiýaly alym Sergeý Doržiýew bolsa, wirtual ulgam arkaly gatnaşyp, atmosferadaky suw almak temasy boýunça çykyş etdi.
Maslahatyň bäş temalaýyn bölümçesiniň çäginde türkmen alymlary dürli ylmy ugurlar boýunça onlarça çykyş etdiler. Olar ýurdumyzyň ylmy ösüşiniň strategik ugurlaryna we häzirki zaman ylmyň täzeliklerine laýyk gelýär. Birinji bölümçede — «Himiýa tehnologiýalary we ekologiýa» — TYA-nyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parkynyň müdiri Durdymyrat Gadamow «Täzelenýän energiýa çeşmeleriniň utgaşdyrylmagy arkaly nebit çökündisiniň peýdalanylyş tehnologiýasy» atly temadan çykyş etdi. Beýleki çykyşlarda «Nebitgaz guýularynyň burawlanyşynda dag jynslarynyň guýy şahasyna düşmeginiň we çäge dykylmalarynyň öňüni alyş aýratynlyklary», «Nebitiň gaýtadan işlenilýän önümleriniň möçberini we hilini ýokarlandyrmagyň usullary», «Garabogaz köl aýlagynyň duzly suwlaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemek mümkinçilikleri», «Awtoulag hereketlendirijilerinde ýangyç tygşytlamasynyň sanly seljermesi» ýaly ylmy-amaly temalar gozgalyp geçildi.
Ikinji bölümçede — «Nanotehnologiýalar we energetika» — täzelenýän energiýa çeşmeleriniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Çykyşlarda «Azyk-senagat toplumynda täzelenýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyş tehnologiýalary», «Gün energiýasyna esaslanyp wodorod öndürmegiň ykdysady taýdan seljerilişi», «Günorta-gündogar Türkmenistanda göçme fotoelektrik beketleriniň ähmiýeti» ýaly temalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, gündelik durmuşda nanotehnologiýalaryň dürli ugurlarda ulanylyşy boýunça pikirler alyşdyldy.
Üçünji bölümçede — «Bio-, azyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary» — giň möçberli temalar, şol sanda Sapargeldi Durdyýewiň hödürlän «Bitarap Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasy — parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we hyzmatdaşlygyň kepili» atly çykyşyndan başlap, Altyn Rahmanowanyň çölleşmä garşy göreşde gök-ýaşyl suw otlaryny ulanmagyň mümkinçilikleri ýaly anyk biotehnologik soraglar boýunça çykyşlar diňlenildi.
Dördünji bölümçede — «Maglumat-kommunikasiýa we geografiki maglumat ulgamlary» — emeli aň tehnologiýalarynyň dürli ugurlarda peýdalanylyşy boýunça çykyşlar boldy: «Emeli aň tehnologiýalary arkaly işgärleriň maglumat howpsuzlygyny goramak», «Emeli aň tehnologiýalarynyň daşky gurşawy goramakdaky orny», şeýle hem ylmy gözleglerde geomaglumat ulgamlarynyň ulanylyşy, häzirki zaman bilim ulgamynda kiberhowpsuzlygynyň ähmiýeti, ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, dokma kärhanalaryndaky önümçilik prosesleriniň gözegçiligi ýaly temalar gozgaldy.
«Innowasion ykdysadyýet»-emeli aň temasy bäşinji bölümçede hem dowam etdirildi. Bu ýerde «Senagat robot-manipulýatorlaryny dolandyrmakda emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylyş meseleleri» we «Emeli aň tehnologiýalarynyň ykdysadyýetiň innowasion ösüşine edýän täsiri» diýen çykyşlar uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem çykyşlar sanly we tehnologik özgertmelere, täzelenýän energiýa çeşmeleriniň ekologiýa taýdan artykmaçlyklaryna, innowasion ykdysadyýetde intellektual maglumat ulgamlaryna, akylly şäherleriň ösüşinde blokçeyn tehnologiýasynyň ulanylyş aýratynlyklaryna bagyşlandy.
Innowasion ykdysadyýeti ösdürmekde telekeçiligiň roly aýratyn bellenilip geçildi. Bu ugurda «Ýurduň hususy ykdysadyýetiniň ösüşiniň esasy ugurlary we maýa goýumlaryň çekilmegi», «Ýaş telekeçileriň innowasion ykdysadyýetiň emele gelmegindäki orny», «Innowasion ykdysady şertlerde kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde başlangyç-inkubatoryň täsiri» ýaly çykyşlar diňlenildi.
ORIENT