Türkmenistanda ýapon dili biliminiň derejesini kesgitlemek boýunça 2025-nji ýylyň ilkinji synagy geçiriler
05.04.2025 | 10:10 |Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýapon dili biliminiň derejesini kesgitlemek boýunça 2025-nji ýylyň ilkinji synagynyň (Japanese-Language Proficiency Test, JLPT) geçirilýändigi barada habar berýär.
Synagy geçmek isleýänler synag boýunça maslahatlary we arzanyň formasyny almak üçin Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna (“Paýtagt” SM, 9-njy gat) gelmeli.
Arzalaryň kabul edişligi 10-njy aprelde başlaýar (sagat 09:30-dan 12:45-e çenli, 14:00-dan 17:00-e çenli).
Ýapon dili biliminiň derejesini kesgitlemek boýunça synag Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 6-njy iýulynda geçiriler.
Ýapon dili biliminiň derejesini kesgitlemek boýunça synag (Japanese-Language Proficiency Test, JLPT) - bu ýapon dili ene dili bolmadyk şahslar üçin ýapon dili biliminiň derejesini kesgitlemek boýunça halkara synagydyr.
Synaga gatnaşmak üçin ýaş we beýleki çäklendirmeler ýok, ýeke-täk şert – ýapon dili synaga gatnaşýanyň ene dili bolmaly däl. Synagy üstünlikli tabşyran ýagdaýynda gatnaşyja dil biliminiň islendik derejesini resmi ýagdaýda tassyklaýan şahadatnama berilýär.
Synag N5-den (iň pes) N1-e (iň ýokary) çenli bäş derejä bölünýär. Arzany tabşrymak isleýän gatnaşyjy öz bilimine laýyklykda synagy tabşyrmak üçin derejesini özbaşdak kesgitlemeli. Synag kagyz göterijilerde ýazmaça test görnüşinde geçirilýär.
ORIENT news