Özbegistan we ÝYT söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler
16.03.2025 | 03:55 |13-nji martda Ýewraziýa ykdysady toparynyň (ÝYT) ştab-kwartirasynda ÝYT bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky özara hereketleri utgaşdyrýan bilelikdäki iş toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bagyşlanan duşuşyk ÝYT-nyň integrasiýa we makroykdysadyýet boýunça ministri Eldar Alişerow bilen Özbegistan Respublikasynyň maýa goýumlar, senagat we söwda ministriniň orunbasary Hurram Teşabaýewiň bilelikdäki ýolbaşçylygynda geçirildi.
«ÝYB-e agza döwletler bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk öz gerimi hem-de haryt nomenklaturasynyň giňligi boýunça strategik häsiýete we durnukly oňyn ösüşe eýe bolýar. Özbegistan, ÝYB bilen söwda edýän GDA ýurtlarynyň arasynda birinji orny eýeleýär. ÝYB-niň GDA ýurtlary bilen söwdasynyň bahasynyň takmynan ýarysy Özbegistanyň paýyna düşýär. Biziň söwdamyz ÝYB agza döwletler bilen Özbegistanyň ykdysadyýetleriniň birek-biregi özara doldurýandygyny görkezýär» diýip, ÝYT-nyň resmi web sahypasy Eldar Alişerowyň sözlerini getirýär.
Özbek tarapy ÝYB bilen hyzmatdaşlygyň netijeliligini tassyklap, işewür gepleşiklere itergi berýän täsirli meýdançalaryň döredilendigini belledi. Senagat kooperasiýasy we infrastruktura ugurlarynda ýüzlerçe iri taslamalar amala aşyrylýar. Özbegistan, ÝYB-niň guramagynda geçirilýän hökümetara we pudagara maslahatlara, ykdysady forumlara, sergilere, geňeşmelere hem-de ýokary derejeli duşuşyklara yzygiderli gatnaşýar.
Mejlisde taraplar ulag ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy, özara söwdada logistiki ugurlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, ÝYB bilen Özbegistanyň gümrük serhetlerinden geçýän harytlar we ulag serişdeleri barada maglumat alyşmak boýunça mümkin bolan usullary öwrenmek, şeýle hem bäsdeşlik we sarp edijileriň hukuklaryny goramak ugurlarynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. ÝYB agza döwletleriň Özbegistan ugruna «Ýewraziýa agroekspress» atly bilelikdäki taslamasyny durmuşa geçirmeginiň ähmiýeti bellenildi. Bu taslama oba hojalyk önümleriniň we azyk harytlarynyň ulag-logistika üpjünçilik uguryny ösdürmäge hem-de özara önümleriň täze logistiki ugurlaryny döretmäge gönükdirilendir.
ÝYT-nyň wekilleri derman serişdeleriniň identifikasiýa serişdeleriniň ÝYB bilen Özbegistanyň arasynda özara ykrar edilmegi, özbek kompaniýalarynyň senagat we oba hojalyk toplumyndaky bilelikdäki kooperasion taslamalara gatnaşmagynyň mümkinçiliklerini öwrenmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Duşuşygyň netijeleri boýunça, ÝYB–Özbegistan bilelikdäki gümrük tranzit ulgamyny döretmek meseleleri boýunça nobatdaky geňeşmeleri 2025-nji ýylyň mart aýynda geçirmek baradaky Özbegistanyň teklibi goldanyldy. Şeýle hem, ÝYB-niň Işewür geňeşi we Özbegistanyň Söwda-senagat palatasy tarapyndan 2025-nji ýylyň aprelinde bilelikdäki işewür gepleşigi geçirmek başlangyjy bilen ylalaşyldy.
Bilelikdäki iş toparynyň bäşinji mejlisiniň 2026-njy ýylda Özbegistanda geçirilmegi meýilleşdirilýär.