Iň täze habarlar

Türkmenistan - Malaýziýa: bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary we teklipler

17.03.2025 | 19:25 |
 Türkmenistan - Malaýziýa: bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary we teklipler

17-nji martda Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, bilim we tejribe alyşmalar bilen baglanyşykly hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegi barada gürrüň edildi. Bu barada TBM-niň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň ylym-bilim ulgamyndaky özara işjeň hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly hökmünde “Petronas” kompaniýasynyň Türkmenistandaky işjeňligi hem-de bu kompaniýanyň Tehnologik uniwersitetinde türkmenistanly ýaşlaryň ýokary hilli bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler aýratyn nygtaldy.

Duşuşykda iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda hem täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny işläp taýýarlamak, şol sanda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça teklipler öňe sürüldi. Şu nukdaýnazardan malaýziýaly talyplaryň Türkmenistanda geçirilýän halkara olimpiadalara we bäsleşiklere işjeň gatnaşmagy babatda pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Bilim ministri jenap Ilçä Türkmenistanda geçiriljek Mekdep okuwçylarynyň II Halkara matematika olimpiadasyna malaýziýaly okuwçylaryň gatnaşmagy üçin çakylyk hatyň iberilendigini belläp, bu çäräniň iki ýurduň bilim gatnaşyklarynyň has-da berkemegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Iki ýurduň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, geçen ýylyň ahyrynda gol çekilen resminamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça iş meýilnamalaryň taýýarlanandygy beýan edildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Malaýziýanyň Hökümeti tarapyndan türkmen talyplary üçin talyp haklarynyň (scholarship) hödürlenme mümkinçiliginiň öwrenilmegi haýyş edildi, bu başlangyç bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyra çykjakdygyna ynam bildirildi.

Öz nobatynda, Malaýziýanyň Ilçisi jenap Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin wagt tapyp kabul edendigi üçin Ministre hoşallygyny bildirdi. Ilçi sözüni dowam edip, hödürlenen teklipler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda bilim ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Mundan başga-da, Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasynda orta hünär okuw mekdepleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky teklibini beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem işjeň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini belläp, täze taslamalaryň we bilim ugurly başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda bilelikde tagalla etjekdiklerini mälim etdiler.

ORIENT news

Foto: bilim.tm

Şeýle hem okaň: