Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 24 geleşik hasaba alyndy

17.03.2025 | 14:18 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 24 geleşik hasaba alyndy

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda 24 geleşik hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” Döwlet konserniniň tehnologiki desgalarynda işlenilen uçar kerosini, suwuklandyrylan gazy, şeýle hem “Türkmenhimiýa” DK-niň önümi bolan ECO 93 kysymly awtoulag benzini satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nebit ýol bitumy (“Türkmennebit” DK), gazbeton bloklary, şeýle hem buýan köküniň goýaldylan ekstrakty, agardylmadyk flanel matasy, nah ýüplügi ýerlenildi. Satyn alyjy-ýurtlar: Hytaý, Owganystan, Serbiýa, Özbegistan, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy 59 mln 651 müň ABŞ dollaryndan geçdi.

Içerki bazara ýerli işewürler umumy bahasy 51 mln 350 müň manada barabar bolan nebit ýol bitumyny we esas ýagyny (“Türkmennebit” DK) satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: