Türkmenistan-Ermenistan: migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk
17.03.2025 | 16:14 |Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýan bilen duşuşyk geçirildi.
Taraplar iki ýurduň Baştutanlarynyň tagallasy bilen çalt depginde ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi barada belläp geçdiler.
Olar özara bähbitli işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, migrasiýa babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ynam bildirdiler.
ORIENT news