Aziýanyň awiakompaniýalary uçarda pawerbank ulanmagy gadagan etdiler
17.03.2025 | 15:05 |Soňky ýyllarda, esasan hem, Aziýanyň awiakompaniýalary ýangyn howpyny azaltmak üçin pawerbanklaryň (portatiw daşky akkumulýatorlar) geçirilmeginde berk çäklendirmeleri girizip başladylar.
1-nji martdan başlap Koreýa Respublikasynyň awiakompaniýalary ýolagçylara kuwwat beriji enjamlary ýükler üçin niýetlenen ýokarky bölümlerde däl-de, el ýüzde saklamaga borçlandyrdylar.
Taýwanyň EVA Air we China Airlines awiakompaniýalary öz gatnwalarynda pawerbanklaryň ulanylmagyny dolulygyna gadagan edip, olary diňe el goşlarynda geçirmäge rugsat berdiler.
Thai Airways, Scoot we Singapore Airlines ýaly beýleki kompaniýalar hem berk düzgünleri girizip, ýolagçylardan öz pawerbanklaryny ýokarky ýük bölümlerinde däl-de, el ýüzde saklamagy talap edip başladylar.
ORIENT news