Iň täze habarlar

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Mary welaýatyna sapary amala aşyrdy

17.03.2025 | 15:30 |
 Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Mary welaýatyna sapary amala aşyrdy

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Sasaki Hirosi Mary welaýatyna sapary amala aşyrdy.

Diplomatik wekilhanasynyň saýtynda habar berilişi ýaly, Mary welaýatyna amala aşyran saparynyň dowamynda diplomat welaýat häkimi Begençmyrat Orazow hem-de Mary şäheriniň häkimi Kakageldi Saryýew bilen duşuşdy.

Taraplar hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada maslahatlaşdylar.

Sasaki Hirosi Mary welaýatynyň taryhy ýadygärliklerine hem baryp gördi.

ORIENT news

Foto: tm.emb-japan.go.jp

Şeýle hem okaň: